Siziň üçin...

Ýaşlaryň üstünligi — geljege ynam

28-02-2024 / 5

Öňde durýan aýdyň wezipeleri üstünlikli amal etmekde bagtyýar türkmen ýaşlaryna-da uly orun degişlidir. Çünki durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler, giň gerimli işler, ilkinji nobatda, halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň röwşen geljegini gurmaga gönükdirilýär. Bildirilýän belent ynam, döredilýän döwrebap mümkinçilikler bolsa ýaşlarymyzy täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary esasynda alnyp barylýan beýik işler arkaly has-da berkidilýän, nusgalyk derejä göterilýän agzybirligiň, jebisligiň, joşgunly, döredijilikli zähmetiň netijesinde, ýurdumyzda geljegi uly, milli bähbitlere gönükdirilen hem-de umumadamzat ähmiýetli iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda adam, onuň bagtyýar, abadan durmuşy hakyndaky alada esasy üns merkezinde durýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ilatyň iş üpjünçiligini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmagynda, ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde hem-de özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly wezipeleriň bu Maksatnamada esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky güwäsidir.

Ýurdumyzda ýaşlarymyz üçin çäksiz aladalar edilýär. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Behruz BAZAROW,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu