Magtymguly Pyragy çuň mazmunly ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan dana Pyragy dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussadydyr.
Şahyryň agzybirlik, bitewülik baradaky goşgulary nesilleri halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ol ajaýyp şygyrlar, öňe sürlen taglymatlar, öwüt-ündewler we ýörelgeler bu gün tutuş adamzadyň diliniň senasyna öwrüldi.
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz
— diýmek bilen, şahyr bitewüligiň, agzybirligiň il-halk üçin möhüm şertdigine ünsi çekýär.
Şirinden-şirin şygyrlarynyň üsti bilen pelsepewi garaýyşlary halkyna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bu buýsançly waka, bir tarapdan, ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň hem-de ornunyň dünýäde ykrar edilýändigini aňlatsa, beýleki tarapdan, halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.
Şahyryň döredijiligi her bir ynsana, şol sanda ýaşlara terbiýe mekdebidir. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nadira ÝAGŞIMURATOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.