Siziň üçin...

Magtymgulynyň döredijiliginde ahlak terbiýesi

27-02-2024 / 11

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä şöhratyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Olar tutuş adamzadyň şahyrana hazynasyna mynasyp goşant bolup, şahyryň ynsanperwerlik garaýyşlary çeper goşgularda öz beýanyny tapyp, diňe bir XVIII-XIX asyr türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklaryna hem ägirt uly täsirini ýetirdi. Häzirki döwürde asyrlar aşyp, Magtymguly Pyragynyň goşgulary tutuş dünýäde millionlarça adamyň kalbyny joşdurýar.

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymgulynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna  çuňňur ornaşyp, olary ruhy-ahlak  taýdan terbiýelemekde özboluşly goşant goşýar.  Magtymguly arassa ahlakly, halkyň, Watanyň aladasy bilen ýaşaýan, ynsanperwer, zähmetsöýer, hallalyga ýugrulan, ar-namysly ynsanlaryň waspyny ýetirýär we olary şeýle ruhda terbiýelemäge çalyşýar.

Magtymguly Pyragynyň  umman ýaly giň we çuň, özboluşly we gaýtalanmajak döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy taglymat, nazaryýet düşünjeleri ynsanlary belent watansöýüjilik we ýokary ahlaklylyk ruhunda  terbiýelemek bolup, bu meselede öz döwründe öňe süren ajaýyp pikirlerini nesillere nesihat hökmünde ýetirýär.

Şahyr halky agzybirlige, halallyga, zähmetsöýerlige, ruhubelentlige çagyrýar. Türkmeniň millet hökmünde iň bir sarpa goýýan zady  halallykdyr. Şahyr “Halala hasap bar, harama –azap” diýip nygtamak bilen,  haramdan gaça durmagy, halal ýaşamagy, arassa hem päk ýürekden çeken zähmetiň hözirini görmegi ündeýär.

Adam aňynyň ruhy gözellikleriň täsirinde kemala gelýänligini görkezmek bilen  hemişe ynsanlara hoşnietli bolmagy, birek-biregi goldamagy, ýagşylyk etmegi aýratyn nygtaýar:

                       Öňüň gara, ardyň gözle
                       Hoş söziň diý, gahryň gizle,
                       Sözläbilseň ýagşy sözle,
                       Halk ýamanyň bizarydyr.

                                     Ýa-da:       

                       Ýagşylykda ile özün tanadan-
                       Alkyş alyp derejesi zor bolar.

Şu setirlerden hem görnüşi ýaly, şahyr oňat gylykly adamlara uly sarpa goýýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy-medeni ulgamda uly öňegidişlikler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde nusgawy edebiýatymyzyň möhüm ornuna uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Hurma SAPARMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu