Siziň üçin...

Ulag diplomatiýasynyň täze mümkinçilikleri

23-02-2024 / 5

Ýurduň içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygyny işjeňleşdirmek we bu ugurdaky ýene-ýeneler milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmek üçin derwaýys bolmagynda galýar. Ol, ilkinji nobatda, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak, dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlygyň barha çylşyrymlaşýan döwründe emele gelen ýagdaýlardan ýurduň hem-de sebitiň bähbitleri üçin ýerlikli peýdalanmak, uly mukdardaky girdejileri getirýän ýük akymlaryny üstüňden geçirmek üçin ulgamyň özüne çekijiligini artdyrmak… nukdaýnazaryndan alanyňda has zerur. Şonuň üçin-de Türkmenistan bu meseleleri milli ýa-da sebit derejesinde däl, dünýä derejesinde üns çekilmeli ugur hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýär.

Bilşimiz ýaly, logistika düşünjesi soňky döwürde dünýä söwdasynyň, haryt dolanyşygynyň ählumumylaşmagyndan emele gelen zerurlyk hökmünde giň gerim aldy. Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, ammarlardyr portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin, döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bilelikdäki maliýeleşdirmeler arkaly bu ugra şereketleriň maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.

Logistika soňky ýyllarda diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş dünýäde çalt depginler bilen ösýär. Çünki onuň ösüş mümkinçilikleri, dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysady maksatlarynyň amala aşmagynda eýeleýän orny üýtgewsiz bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem dünýäde logistikanyň ulag, harytlary saklamak, gaplamak, gümrük işlerini amala aşyrmak we sarp edijä gowşurmak ýaly hyzmatlarynyň mukdary artýar. Bu bolsa ösen ýurtlaryň söwda dolanyşygynyň artmagyna getirýär.

Türkmenistan logistikany ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde jemi içerki önümiň paýyny artdyrdy. Şonuň netijesinde döwletimiz bu ugurda ösen ýurtlaryň tejribesinden peýdalanmak arkaly pudagyň öndürijilik indeksinde sebitde öňdäki orny eýelemegi we iki yklymyň çatrygynda ýerleşen ykdysady taýdan kuwwatly logistik lidere öwrülmegi maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, sebitleýin güýje öwrülmek üçin döwletimiziň pudagyň maddy-tehniki üpjünçiligini berkitmek, çykdajylary azaltmak bilen birlikde, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr geçirijiligiň artmagy üçin zerur ýeňillikleridir şertleri döretmek we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Munuň üçin ýurdumyzda juda uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän şu we beýleki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde, ony ykdysady taýdan ösen sebite öwürmekde, onuň dünýäniň ulag-aragatnaşyk hyzmatlary bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda aýgytly orun eýelär. Şonuň ýaly-da, ol Merkezi Aziýanyň iň möhüm halkara ulag-logistika merkezleriniň biri hökmündäki ornuny has-da berkider.

Sapargylyç SAPARGYLYJOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu