Siziň üçin...

Ýollar halklary doganlaşdyrýar

24-02-2024 / 6

Ýurdumyzyň ösüşine, onuň dünýä bileleşigindäki ornunyň berkemegine, halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ägirt uly goşant goşýan pudaklaryň biri hem ulag-kommunikasiýa pudagydyr. Bu pudagyň häsiýetli aýratynlygy onuň diňe bir ýurduň çäginde däl-de, eýsem, bütin dünýäde hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we gorap saklamaga mümkinçilik bermeginden ybaratdyr.

Hut şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa pudagyna aýratyn uly üns berýär we onuň ösüşine itergi berýän wezipeleri öňe sürýär. Alym Arkadagymyz özüniň «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Awtoulag, demir, deňiz, howa ýollary we ýangyç-energetika ulgamy gadymy kerwenleriň gatnan Beýik ýüpek ýolunyň döwrebap nusgasy bolup durýar. Ýollar halklary doganlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga çagyrýar» diýip ýazmak bilen, bu pudagyň döwlet üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçýär.

Türkmenistanyň demir ýollarynyň hukuk binýadyny düzýän ýörite kadalaşdyryjy hukuk namasy 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun demir ýol ulagynyň hereket etmeginiň we ösdürilmeginiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Onda hususan-da demir ýol ulagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, demir ýol ulagynyň kärhanalaryna we demir ýol ulagynyň obýektlerine bildirilýän esasy talaplar, daşamak işiniň dolandyrylmagy, demir ýol gatnawlarynyň guralmagy, demir ýol ulagynda howpsuzlyk, ýükleriň, demir ýol ulagynyň obýektleriniň goralmagy, aýratyn şertlerdäki işleriň guralmagy, demir ýol ulagynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary we düzgün-nyzamy baradaky kadalar berkidilen.

Agzalan Kanundan gaýry ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul
edilen «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.
Bu Kanun ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýüze çykýan jemgyýetçilik
gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk,
guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy kämil we ygtybarly kanunçylyga daýanýar we ynamly öňe barýar. Bu ugurdaky milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär we döwletimiziň bagtyýar geljegini nazarlaýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli syýasaty alyp barýar. Şular ýaly dünýä tejribesine daýanýan we ylmyň gazananlaryna esaslanýan başlangyçlara daýanmagyň esasynda ata Watanymyzyň kuwwaty mundan beýläk hem berkär we halkymyza täze eşretleri paýlar.

Gunça BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu