Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Dillerimiziň senasyna öwrülen «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahaty halkymyzyň ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine buýsanjyny has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň maslahatda eden taryhy çykyşynda 2022 — 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ugruna gönükdiriljekdigini, bu döwürde birnäçe durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda 10 sany döwrebap hassahananyň gurulmaklygynyň meýilleşdirilýändigini bellemegi ynsan saglygyny goramaklygyň, abadan durmuşyny üpjün etmekligiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini ýene bir ýola görkezdi.
Paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan döwrebap lukmançylyk edaralarynyň ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmenistanlylar üçin ýokary derejeli halkara lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşiniň elýeterli bolmagyny üpjün edýän saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatyndaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gözel paýtagtymyz diňe bir owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki ornuny däl, eýsem, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleriniň bir hökmündäki ornuny hem barha pugtalandyrýar.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklary alnyp barylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen gadymy Änew şäherinde etrap hassahanasynyň durky täzelenen we täze gurlan binalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde täze saglyk öýüniň açylmagy, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde täze, döwrebap dermanhanalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly keselleriň öňüni almak, bejermek, anyklamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, şypahanalarda, hassahanalarda, saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar diňe bir ylmyň iň soňky gazananlary bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär derejeleriniň döwrüň talabyna, ylmyň ösüşine laýyk ýokarlanýandygyny, bejerişiň täze, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylýandygyny we näsaglara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň edilýändigini alamatlandyrýar. Çünki ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.
Gülnar MÄLIKGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina himiýasy kafedrasynyň mugallymy.