Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň lukmançylyk tejribeleri halkara derejede ykrar edilýär. Munuň özi lukmançylyk diplomatiýasynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, olaryň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmakda, lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ýola goýmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça işini dowam etdirer.
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň ortaça ýaşaýyş dowamlylygy yzygiderli artýar. Her ýyl gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman saglyk merkezleri bu ulgamyň üstüni ýetirip, onuň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, lukmançylygyň innowasion tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilatyň saglygy we abadan ýaşaýşy baradaky aladanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara eýerýän ýurdumyzyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, şeýle hem iri lukmançylyk edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň giňişliginde soňky ýyllarda ýola goýan netijeli gatnaşyklary bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde bu gurama dünýäniň 120 döwletini harby-syýasy toparlara goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda birleşdirýär.
Ýokarda ady agzalan guramanyň çäklerinde 2020-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow agza döwletleriň epidemiýalara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki işiniň esasy ýörelgelerini, olaryň öňüni almaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny özünde jemleýän maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagy teklip etdi. Ylmy diplomatiýanyň ugry boýunça lukmançylyk edaralarynyň köptaraply hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda çykyş etmek bilen, ýurdumyz soňky ýyllarda netijeli başlangyçlaryň birnäçesini, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; Öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça BSGG-niň köptaraply guralyny; BSGG-niň Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezi ýaly halkara we sebit gurallaryny döretmegi teklip etdi.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň Aragatnaşyk toparynyň soňky sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça guramanyň ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Bu ugurda bilelikde işlemek üçin ilkinji ädim hökmünde tejribe geçýän lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmaga gatnaşýan halkara düzümleriň gyzyklanma bildirýän wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny geçirmek teklip edildi.
Ogulmaýsa KAKABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Deri we weneriki keseller kafedrasynyň mugallymy.