Siziň üçin...

Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza…

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

21-02-2024 / 7

Türkmen edebiýatynda saz-söhbet dogrusynda şygyr ýazmadyk şahyr ýok bolsa gerek. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýän, halkymyzyň guwanjy, eserleri ähli ýüreklere hemdem beriji jadyly jümlelerden pürepürlenen Magtymguly atamyz hem döredijiliginde beýleki temalar bilen bir hatarda aýdymdyr saz dogrusyndaky setirleri iňňän güýçli çeperçilik ussatlygy bilen taraşlap, geljekki nesillerimize miras galdyrypdyr. Hut şu bapdan ýazylan akyldaryň:

— Derwüşler köňli jem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, —
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz

– diýen setirlerinde hem saz-söhbete iňňän uly ähmiýet berilýändigini görmek bolýar.

Beýik weliniň ençeme goşgularynda aýdymdyr saz bilen baglanyşykly setirlere köp duş gelmek bolýar. Bu bolsa akyldaryň sungata niçiksi uly hormat goýýanlygynyň aýdyň subudydyr. Öňdengörüji şahyrymyzyň:

— Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň,
Ajaldan, gaýrydan bolmaz teşwüşiň,
Baýlaryň, pakyryň, ähli derwüşiň
Ýurdy bolar ýaly farsahlary bar –

ýa-da:

— Sypa bolup, müner atyn bilmeýen,
Aryf bolup, öz yzzatyn bilmeýen,
Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen
Aňa bilmez, söhbet nedir, saz nedir  

– diýen ýaly jümlelerinde söhbetdeşlikde geplejek gepini bilmeýän, ugur-utgasyny unudan, sözüň beýik güýjüniň düýp özenine akyl ýetirmekden asgyn gelýän ynsanlaryň keşbini suratlandyrmak bilen birlikde, örän inçe sungat bolan aýdym-sazyň uly ähmiýeti ýaňzydylýar.

Sungatyň dürli ugurlary bilen birlikde  türkmen saz sungatynda-da Magtymgulynyň edebi mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bar. Türkmen bagşylaryny şonuň ýaly-da kompozitorçylyk sungatyny Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin hem däldir.  Şahyryň goşgulary öz gezeginde juda çeper söz düzümleri we kapyýalary bilen, söz utgaşmalary we akgynlylygy bilen  dutardyr gyjagyň owazyna sazlaşyp gidýär. Türkmen bagşylarynyň döredijilik hazynasynda Magtymgulynyň goşgularyna ýüzlerçe halk aýdymlarynyň döredilendigi mälimdir. Şahyryň “Türkmeniň”, “Gözel sen”, “Paş eder seni”, “Durasyň geler”, “Dag saýar”, “Bellidir”, “Il biläni”, “Mal ýagşy”, “Aýryldym”, “Seretmez”, “Abdylla,” “Ili gözlär”, “Dünýä heý”, “Sataşdym”, “Depe nedir düz nedir” şygyrlary bagşyçylyk sungatynyň ebedilik hemrasy  bolup ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly höwes bilen diňlenýän we ýerine ýetirilýän aýdymlardyr.

Bagtyýar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir jümlesi durmuşda ýol-ýörelgämize, halk pähimlerine öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, eşretli günleri, aýdyň geljegi ugrunda uly tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, ähli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Saparmyrat Örekow,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu