Magtymguly Pyragy — mähriban topragymyzyň hakyky watançysy, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny aýdyň beýan ediji şahyr. Ol tutuş dünýä okyjylarynyň ünsüni çekmegi başardy.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň şirwan setirleri halk içinde nakyla, adamlaryň durmuş maslahatçysyna öwrüldi. Adaty sözleýişden tä ylmy garaýyşlara çenli, Pyragynyň pikir-pelsepelerine esaslanýar. Magtymguly Pyragy — türkmen halky üçin şahyrçylykdan hem ýokary, ruhy kämillige ataryjy gudrat derejesinde kabul edilýär.
Watançylyk, yşk (ylahydan perzent mährine çenli), ynsanperwerlik we adamkärçilik, dostluk, gahrymançylyk, rehimdarlyk, geçirimlilik, paýhaslylyk, agraslyk, sadalyk, halallyk, niýeti päkizelik, daşky tämizlik — içki gözellik, haýyr-şer, ýagşy-ýaman, sogap-günä, halal-haram, ynsap-wyždan, iman-güman hakyndaky setirler milletiň göwün küýsegindäki kämillige ymtylyşyň ähli jogaplaryny birin-birin saldarlap berýär.
Şahyryň pelsepesiniň jemgyýetçilik ähmiýeti onuň halkyň dünýägaraýşyna ýakynlygynda, hüý-häsiýeti bilen bir perdeden gopup, milli düşünjelere, ynam-ygtykata esaslanmagyndadyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ählisi ýokarda görkezilen ahlak düşünjesiniň bar bolan derejelerini süňňünde jemleýär. Akyldar şahyr durmuşdaky ýaşaýşy wagyz edýär, bütin adamzada bolan söýgüsini äşgär edýär. Adamlara halal ýaşamagy, ýagşylyk etmegi, erbet endiklerden sap bolmagy ündeýär.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.
Arazjemal NURYÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.