Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi degişli jemgyýetçilik guramalary, şol sanda mekdepler we maşgalalar bilen bilelikdäki gatnaşyklar bilen hem berk baglydyr.Çagalar bagynyň bilim işgärleriniň we mugallymlarynyň arabaglanyşygy mekdebe taýýarlaýyş toparynyň we 1-nji synp okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyklary öz içine alýar. Bu ugurda terbiýeçiler mekdebiň terbiýeçilik işleri bilen tanşyp, mekdepde geçilýän temalary öwrenip, çagalaryň bilim derejelerini ösdürmeklige degişli işleri öwrenip, mekdebiň talap edýän işlerini ýola goýmakda degişli tejribeleri yzygiderli öwrenýärler. Mekdep mugallymlary hem öz gezeginde çagalar bagynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen tanyşýarlar hem-de geljekki mekdep okuwçylary bolan ýaş nesilleriň alan bilimleri, başarnyklary, sowatlylyk taýýarlyklary bilen gyzyklanýarlar.
Biz hem çagalar bakja-bagymyza golaý ýerleşýän orta mekdep bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barýarys. Guramaçylyk, usulyýet ugurly meýilnamalaýyn işleriň hatarynda degişli toparyň çagalary bilen mekdebe gezelençleri guraýarys. Ol ýerde birinji synp okuwçylarynyň okuw işi, göreldeli okuwçylaryň ýetişigi bilen çagalar tanyşdyrylýar. Degişli sapaklara, medeni çärelere gatnaşmak arkaly bolsa geljekki mekdep okuwçylary bolan uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň çagalary düşünjelerini we gözýetimlerini giňeltmäge mümkinçilik alýarlar.
Ýeri gelende bellesek, iki bilim ojagynyň pedagogik işgärleri hem özara tejribeleri alşyp, bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmaga çalyşýandyklary buýsandyryjydyr.
Körpeleriň ak mekdebe bolan söýgüsini, okamaga, öwrenmäge bolan höweslerini artdyrmakda ähmiýetli bolan bilelikdäki tagallalaryň usulyýetiň kadalaryna we pedagogikanyň talaplaryna laýyklykda özleşdirilmegi geljekde ýaş nesliň üznüksiz bilim almagy ugrunda ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Çagalary heniz olar mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäler, çagalar baglarynda hünärlere ugrukdyrmak zerur. Terbiýeçiler çagalaryň hünärlere höwesi, ukyby bilen gyzyklanmalydyrlar, olara dürli hünärleriň aýratynlygy, gymmaty barada düşünjeleri bermelidirler. Ata-eneleriň öz çagalarynyň hünärleri saýlamaklaryna garaýyşlary bilen gyzyklanmalydyrlar» diýip bellemegi bolsa çagalary mekdebe taýýarlamagyň köp ugurly ähmiýetiniň bardygyny alamatlandyrýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolsa bu işler ýörite iş bukjalarynda resmileşdirilýär. Geçirilýän çäreler beýanlaşdyrylyp, wakalara degişli foto pursatlar ýerleşdirilýär. Has takygy, şular dogrusyndaky maglumatlaryň aglabasy çagalar bagynyň mekdep bilen özara gatnaşyk depderi (mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda) degişli terbiýeçiler tarapyndan ýöredilýär. Munuň özi işiň ýaýbaňlandyrylmagynda we tejribeleriň artdyrylmagynda oňyn ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesilleriň irki ösüşi hem-de göwnejaý mekdebe taýýarlygy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Güljemal ALLAKOWA,
Murgap etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, KA-nyň işjeň agzasy.