Siziň üçin...

Paýhasymyz Magtymguly Pyragy — döwrümiziň, ruhumyzyň çyragy

15-02-2024 / 9

Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili — Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenip göreniňde, adamlaryň beden we ruhy saglygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly birnäçe öwüt-ündewe, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň.

Şahyryň aýtmagyna görä, durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerur hasaplanypdyr. Ol şonuň üçin hem ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap şeýle diýipdir:

— Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun.

Şeýle-de şahyr:

— Magtymguly, ýigitlik bir ýaz görner,
Jany saga mydam söhbet-saz görner —

diýip belleýär. Jan saglygyň durmuş rahatlygynyň gönezligidigini nygtaýar.

Akyldar şahyryň şu setirlerini bolsa bilmeýän ýokdur:

— Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy
.

Şahyryň döredijiliginde çaganyň doglan pursadyndan başlap, sagdyn ösüşi, bedeniniň berkligi, on iki synasynyň abat bolmagy barada aýdylýar. 

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy — saglyk» diýen öwüt-nesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda adamyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň özenini düzýän möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bagtly durmuşyň hözürini görýär.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak türgenlerimiziň öňünde möhüm wezipe durýar. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň aladalary esasynda Diýarymyzda uly işler amala aşyrylýar. 

Halkymyzyň saglygy, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Allak ALLAKOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu