Halal zähmet, päk ahlak ynsanyň bezegidir. Diňe halal zähmet çekýän adam bagtyýar durmuşda ýaşar. Halallygyň özeni bolsa nesil terbiýesinden başlanýar. Biziň begenjimiziňem, gynanjymyzyňam köki şol terbiýeden gözbaş alýar. Şonuň üçinem türkmen halky gaty ir döwürlerden bäri nesil terbiýesine uly ähmiýet berip gelipdir. Bu babatda «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary, «Kowusnama» kitaby, Magtymguly atamyzyň şygyrlary bize nusgalyk çeşmelerdir.
Türkmen halkynyň terbiýe ýolunyň gözbaşynyň arassa ahlak sypatlaryna esaslanýandygy mälimdir. Ata-babalarymyzyň, parasatly pederlerimiziň ýaş nesle edep-terbiýe bermek kadasyna inçelik bilen çemeleşendigine-de göz ýetirýäris. Paýhasly pederlerimiz öz perzentlerini süňňi halal, päk ahlakly, ynsaply, adamkärçilikli, işeňňir, edep-ekramly, ar-namysly, watansöýüji ynsanlar edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar.
Terbiýe — bu adamyň öz ýaşaýan jemgyýetiniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, özüňi alyp baryş kadalaryny hem-de medeniýetini özleşdirmäge gönükdirilen ösüşidir. Şol ösüşiň ilkinji basgançagy bolsa maşgalada gurulýar, çagany terbiýelemekde maşgala esasy düzümleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň ähli zatda maşgala däplerine eýerýändikleri, ata-enelerinden görelde almak bilen, olara meňzejek bolýandyklary maşgalanyň jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ornuny kesgitleýär.
Ýaşlarda asylly sypatlary kemala getirmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Bu kadalara we ýörelgelere eýermek ýaşlarymyzyň borjudyr.
Ýaş nesil we onuň nurana geljegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Züleýha ÇARYÝEWA,
Hojambaz etrabynyň 17-nji çagalar bagynyň műdiri.