Berkarar döwletimizde söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna owrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulyar. Beýik akyldar diňe kitaplara, diwanlara däl-de, köňüllere siňip ýaşan şahyr. Magtymgulynyň sözleri her bir adam üçin gymmatly, çünki onuň dürdäne döredijiliginde durmuş pelsepesiniň esasy gönezligi bolan ruhubelentlik, her hili pursatda-da umytdan düşmezlik, ertiriňe, geljegiňe ynam bilen garamak, dogruçylyk, ynsanperwerlik ýaly ündewler bar.
Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy wezipe adamlary terbiýelemek bolup, onuň döredijiliginiň ölmez-ýitmezligi ynsan mertebesini şeýle ýokary derejä göterip, adamyň ruhy dünýäsine akyl ýetirmegi, olar bilen öz ykbalyny baglanlygyndadyr.
Akyldaryň döredijiligine näçe çuňňur aralaşdygyňça, onuň many-mazmunly setirleriniň syrly ýumagy bizi paýhaslar älemine äkidýär. Bu barada şahyryň özi hem:
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin açan ýokdur.
— diýip, jaýdar aýtmagy hem ýöne ýerden däldir. Görnüşi ýaly, pähimdar şahyryň döredijilik akabasyny arçadygyňça, akar çeşme deýin daşyp gidip otyr.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary adamzat durmuşynyň we ynsan gatnaşyklarynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Şahyryň şygyrlary sözüň doly manysynda nesiller üçin terbiýeçilik mekdebidir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä şöhratyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Olar tutuş adamzadyň şahyrana hazynasyna mynasyp goşant bolup, şahyryň ynsanperwerlik garaýyşlary çeper goşgularda öz beýanyny tapyp, diňe bir XVIII-XIX asyr türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklaryna hem ägirt uly täsirini ýetirdi. Häzirki döwürde asyrlar aşyp, Magtymguly Pyragynyň goşgulary tutuş dünýäde millionlarça adamyň kalbyny joşdurýar.
Oguljan BABAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.