Siziň üçin...

Bagtyýar nesilleriň ülkesinde

13-02-2024 / 4

Döwlet Baştutanymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesdigini, çagalaryň üns-alada bilen gurşalmalydygyny wajyp wezipe hökmünde kesgitleýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu sözleri hem aýdyňlygy bilen äşgär edýär: «Çagalar biziň  kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip,  ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys».

Elbetde, häzirki döwrüň körpeleri nurana geljegi gurujylardyr. «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwatydyr» diýip, eziz Arkadagymyz belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri Watany tüýs ýürekden söýmelidigini, ululara hormat goýmalydygyny, pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerini, halkymyzyň köpasyrlyk däplerini aýawly saklamalydyklaryny we sözüň doly manysynda hakyky watansöýüji bolmalydyklaryny ündeýär.

Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hut çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň düýpli häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri, durmuşa ukyplylygy we maksada okgunlylygy binýat bolýar.

Bu bolsa ilkinji nobatda maşgaladan başlanýar. Söýgini, özüne berilýän ünsi we aladany duýýan çagalar başgalaryň şatlygyna we gaýgysyna şärik bolmaga endik edýärler hem-de özi we ýakynlary üçin jogapkärçiligi duýýarlar, köp öwrenmäge ymtylýarlar.

Häzirki döwürde şunuň ýaly ynsanperwerlik dessurlary çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek we goramak ýaly toplumlaýyn hukuk kepilliklerini, şeýle hem hossarsyz çagalaryň durmuş ulgamyna çekilmegine, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga, çagalaryň döredijilik işjeňliginiň ösdürilmegine hem-de ýokary ahlak gymmatlyklary, watansöýüjilik esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen birnäçe durmuş maksatly çäreleri öz içine alýar.

Çünki, aýdylyşy ýaly, bagtyýar çagalyk — bu biziň ertirki güne ynamymyz, biziň geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Bagtyýar nesliň bagtly geljegi üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.

Ogulmaral BABAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu