Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda binýat bolan kämil sungat eseridir. Bu şäher «Geljegiň şäheri», «Bilimler şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» ýaly onlarça atlar bilen atlandyrylyp, olaryň ählisi-de tüýs jüpüne düşen atlardyr.
Şöhratly taryhymyza giren 2023-nji ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler, çagalar baglary talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary, şeýle-de bagtyýar körpeler üçin gapylaryny giňden açdylar.
Mundan başga-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň gurulmagy ýaş nesillerimize kämil bilim bilen bir hatarda milli terbiýäni bermekde, olary bilimler dünýäsine, sungat älemine çekmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiz: «Biz bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris» diýip, örän jaýdar belleýär. Muňa Arkadag şäheri bilen baglanyşykly aýdan mysallarymyz aýdyň subutnama bolup, aýratyn buýsandyryjy ýagdaý, geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçdi.
Bu taryhy waka biziň ählimiziň şatlygymyzy goşalandyrmak bilen, özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi arkaly dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken «smart-sitiniň» — Arkadag şäheriniň bilimler merkezidigini, ýaşlaryň we geljegiň şäheridigini ýene bir gezek görkezdi.
Ýazgül ÇARYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.