Siziň üçin...

Nakyllara öwrülen setirler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

12-02-2024 / 6

Nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanan şahyrlaryň biridir. Beýik akyldar diňe kitaplara däl, eýsem, köňüllere dolan şahyrdyr.

Ady äleme dolan beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň umman paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

«Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Ok urar bolsaň, ok ur nebsiň gözüne», «Kemlik eýle, kemal bar // Menlik etme, zowal bar» ýaly pähimleri bu günki gün hem halkyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy onuň türkmen diliniň içki baýlyklaryny, onuň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.

Magtymguly Pyragy özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Ol özüniň goşgularynda ilki bilen halk bähbitlerinden ugur alypdyr, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr durmuşyň manysynyň iliň-günüň derdine ýaramakdygyny ündeýär, ýagşy işlere ýaran bolmagy nygtaýar.

Ajapsoltan HAPBYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu