Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyna Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda aýratyn ünsi çekýär. Täze neşirde: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýlip, örän jaýdar bellenilýär. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şöhrat GYLYÇMYRADOW,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.