Siziň üçin...

Dil – dünýä çykmagyň baş şerti

07-02-2024 / 3

Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda öz ornuny barha pugtalandyrmagy, halkara hyzmatdaşlygyna uly üns gönükdirilmegi netijesinde dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna bolan talap has-da güýçlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmek, hytaý we ýapon dilleri boýunça berilýän sapaklary artdyrmak işleri, bu dilleriň diňe bir dil öwredilýän bilim ojaklarynda däl, eýsem tehniki, ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem umumybilim berýän orta mekdeplerde 5-nji synpdan okadylyp başlanmagy köp dil bilmäge höwesli ýaşlaryň has-da köpelmegi, kämilleşmegi üçin uly şertler döredýär.

Bilşimiz ýaly, 2016—2017-nji okuw ýylynda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde umumybilim berýän mekdeplerde, şeýle-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwretmek boýunça dersleriň girizilmegi bu ugra höwesli ýaşlaryň sanyny artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýokary hünär bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň netijesinde talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça mümkinçilikleri, dil taýýarlygy has-da ýokarlanýar. Biziň uniwersitetimizde talyp ýaşlar daşary ýurt dillerini içgin öwrenýärler, türkmen mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly mugallymlar hem talyp ýaşlara dürli dilleri öwretmekde yzygiderli iş alyp barýarlar. Talyp ýaşlar daşary ýurt dili bilen birlikde öwrenýän hünär diliniň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny hem öwrenýärler.

Meňli HAÝDAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu