Dünýäniň ösen döwletleri Türkmenistany özleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýarlar. Bu hakykaty Türkmenistan bilen Ýaponiýa döwletiniň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýtmak bolar.
Häzirki döwürde türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary, iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklary özüniň oňyn netijelerini berýär. Olaryň hatarynda bilim babatdaky hyzmatdaşlyk esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk bu iki gadymy halkyň aň-bilim, ylym, milli terbiýe baradaky paýhasly ýörelgeleriniň umumylygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ýapon dilini öwrenmäge höwesli ýaşlaryň sany barha artýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna 5-nji synpdan başlap ýapon dili dersi girizildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ýapon dilini ikinji dil hökmünde okatmak ýola goýuldy.
Ykdysady ösüşiň depginini çaltlandyrmak, bäsleşige ukyply bolan önümleri öndürmek üçin zehinli, işbaşarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ine, şonuň üçin-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw maksatnamasyna ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmekde zerur bolan ugurlar we hünärler goşuldy. Degişli ulgamlarda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, olara bilim bermek üçin häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde birnäçe fakultetler bar.
Bulardan daşary hem ýokary okuw mekdebinde talyplaryň özbaşdak işlemekleri, okuwdan boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin goşmaça gurnaklar, kitaphanalar, sport-sagaldyş merkezleri, ylmy-barlag merkezleri bar. Dil öwreniş merkezi bu bilim ojagynyň esasy bölekleriniň biri bolup durýar. Ähli dersleriň iňlis we ýapon dillerinde alnyp barylýandygy sebäpli, talyplara dilleri suwara bilmek hökmany şert hasaplanylýar. Dil öwreniş merkezinde Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebinden gelen ýörite mugallymlar talyplara ýapon dilini öwredýärler. Uniwersitetde iňlis we ýapon dilini öwrenmek üçin lingafon otaglary, okuw-görkezme esbaplary, daşary ýurt dillerindäki kitaplar, okuw gollanmalary bar.
Dil öwrenmek döwrüň baş talaby. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ulanylmaga berlen bu uniwersitetde talyplara ýapon dili has içgin öwredilýär, ähli dersler ýapon dilinde alnyp barylýar we talyplaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek üçin audio sapaklary guralýar.
Aýgül WEPAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.