Siziň üçin...

Watanym (goşgy)

06-02-2024 / 194

Ak mermere bürendi obalary, şäheri, 
Garaşsyz hem Bitarap meniň eziz Watanym.
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» — nesilleň ýan kitaby
Garaşsyz hem Bitarap meniň eziz Watanym.

«Döwlet adam üçindir!» — Watanymyň şygary,
Asly halal türkmeniň  arkasynda Il Ogly.
Bu ajaýyp zamany arzuwlapdy Pyragy,
Garaşsyz hem Bitarap meniň eziz Watanym.

At  çapdyryp, saz çalyp uludan  tutýar  toýun,
Göreş  tutup  ýykanyň serpaýy  düýe,  goýun.
Prezidentimiz goldaýar türkmeniň däp-dessuryn.
Garaşsyz hem Bitarap meniň eziz Watanym.

Hak mynasyp Prezident Beýik Gahryman ada,
Ösüşlere guwanýan göwün guşum asmanda.
Adyň dillerde dessan bu  ajaýyp zamanda,
Garaşsyz hem Bitarap meniň eziz Watanym.

Aýna GURBANGELDIÝEWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu