Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr.
Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.
Gündogaryň beýik akyldary hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýan we söýlüp okalýan dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň her biri ynsanyň kalbynda belent adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly arassa ahlakly ýaşamak duýgularyny oýaryp, ynsan kalbynda uly orun alýar. Şeýle-de şirin dilli söz ussadynyň ylmy garaýyşlarynda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär. Iň ýagşy sözleri, il oňlaýan gylyk-häsiýetleri beýik ussatlyk bilen şygyr setirlerine siňdirip bilmek diňe şeýle ägirtlere başardýandyr.
Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler. Beýik akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek bilen, ylmy monografiýalary ýazmak, kitaplary taýýarlamak, makalalar hem goşgular ýygyndylaryny çap etmek, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», «Magtymguly portalyny» döretmek we ony neşir etdirmek ýaly ençeme işleriň berjaý edilýändigini biziň her birimizi buýsandyrýar.
Umuman, şu günler Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli taglymatyny dünýä ýaýmak babatda saldamly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň, türkmen we türki dilli halklar bilen bir hatarda, ähli milletlerdir halklar tarapyndan ykrar edilmeginiň esasy sebäbi, eserlerinden duýluşy ýaly, onuň ýüreginiň halk, adamzat we dünýäniň abadançylygy diýip urmagyndadyr.
Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri.