Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler hukuk ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda kabul edilýän toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, Milli parlamentimiz tarapyndan kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar adam hukuklary boýunça umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär.
Kanunçylyk namalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, şeýle hem kanunlaryň taslamalaryna garalanda ýaşlaryň hem gatnaşmagy biziň ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän uly ynamdan, olar hakda edilýän aladadan nyşandyr. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, hut geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaş parlamentariler topary döredildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär. Täze taryhymyza şöhratly wakalar bilen giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň tamamlaýjy günlerinde geçirilen halkara forumyň ýaşlaryň başlangyçlaryny giňeltmekde ähmiýetiniň uludygyny hem aýratyn bellemelidiris.
Türkmenistan hukuk döwletidir. Bu bolsa biziň döwletimizde kanunyň hökmürowanlygynyň bellenendigini, halkyň erk-islegi göz öňünde tutulyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilýändigini görkezýär. Kabul edilýän uzak möhletleýin maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.