Häzirki döwürde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Dünýä dillerini öwrenmek işleri üstünlikli ýola goýulýar. Bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär.
Bu günki ýaşlar daşary ýurt dillerinde suwara sözleşip bilýärler, dünýä dillerindäki ylmy edebiýatlardan ýerlikli peýdalanmagy başarýarlar. Esasan hem ýaşlar iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon dilleri ýaly dünýäde giň ýaýran dilleri oňat bilýärler. Bu bolsa dünýä dillerini öwrenmekde, bu dillerdäki edebiýatlary ene dilimize terjime etmekde we halklaryň dost-doganlygyny has-da ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de, ýaşlaryň has-da kämilleşmeginde, dostlukly halklaryň medeniýetne has-da çuňňur düşünmeklerine oňat ýardam edýär.
Dünýä dillerini bilmek täze mümkinçilikleri döredýär. Ynha, ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dilelrini öwrenýän talyplarynyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirýäris. Talyp ýaşlar kitaphanalarda bar bolan iňlis, rus dillerindäki kitaplary, gollanmalary ýerlikli peýdalanýarlar, bu kitaplaryň manysyna çuňňur düşünýärler. Okuw sapaklarynyň dowamynda bolsa geçilýän sapaklary has gowy özleşdirmek üçin dil taýýarlygy usulyýetleriniň netijeliligini wideoşekil görnüşinde baha bermäge mümkinçilik berýän interaktiw enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu hem ýaşlaryň dil öwrenmekleri üçin iň täze usullaryň biridir. Şeýlelikde, ýaşlaryň kämilligi, dünýä dilleri öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi aýdanyňda geljek ýaşlaryň sowatlylygy, ylym-bilimliligi bilen pugta baglanyşyklydyr.
Türkmen ýaşlary döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ylym-bilimi, dünýä dillerini çuňňur öwrenýärler. Bu günki gün dost-doganlyk halklaryň dillerini has çuňňur öwrenip, ýaş nesillerimiziň dil taýýarlygyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakyndaky çuňňur aladasy, döredýän giň mümkinçilikleri biziň her birimizi buýsandyrýar.
Sabina KURBANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niñ Rus, gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniñ Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iñlis dili) hünäriniñ I ýyl talyby.