Kanunçylyk

Adalat jemgyýetini berkarar etmek ugrunda

07-02-2024 / 8

Berkarar Watanymyzda jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy berkitmek boýunça geçirilen işleriň hem-de hukuk özgertmeleriniň netijesinde kämil milli kanunçylyk binýady emele geldi. Ol adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. 

Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy we milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy bilen, adamyň ählitaraplaýyn hukuklary, bähbitleri, azatlyklary üpjün edilýär. Esasy Kanunymyzda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.

Ýurdumyzda jemgyýeti kämilleşdirmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler milli we halkara ýörelgeleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär. Munda dünýä boýunça ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, oňyn tejribeler nazara alynýar hem-de kanunçylykda giňden şöhlelendirilýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri adalat edaralaryndaky işleriň netijeliligini artdyrýar. Häzirki wagtda adalat, RÝNÝ bölümlerinde, notarial edaralarda we beýleki adalat edaralarynda onlaýn nobatdan başlap, hyzmatlaryň agramly bölegi sanly ulgamyň üsti bilen alnyp barylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işgärlerine bildirýän talaplaryna mynasyp jogap bermäge, ildeşlerimize ýokary derejede hyzmat etmäge şert döredýär. Biz mundan beýläk hem öz işlerimizi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bildirýän talaplaryna laýyklykda alyp barjakdygymyza, adalatyň tug bolup Arşa göterilen döwletimizde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we bagtyýar watandaşlarymyza ak ýürekden hyzmat etjekdigimize ynandyrýarys.

Eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Arslan HALJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Daşoguz şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu