Türkmen halky hemişe-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa goýup gelipdir. Sungatyň dürli ugurlary bilen birlikde, türkmen saz sungatynda-da Magtymgulynyň edebi mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bar.
Türkmen bagşylaryny, şonuň ýaly-da kompozitorçylyk sungatyny Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin hem däldir. Şahyryň goşgulary öz gezeginde juda çeper söz düzümleri we kapyýalary bilen, söz utgaşmalary we akgynlylygy bilen dutardyr gyjagyň owazyna sazlaşyp gidýär.
Türkmen bagşylarynyň döredijilik hazynasynda Magtymgulynyň goşgularyna ýüzlerçe halk aýdymlarynyň döredilendigi mälimdir. Şahyryň “Türkmeniň”, “Gözel sen”, “Paş eder seni”, “Durasyň geler”, “Dag saýar”, “Bellidir”, “Il biläni”, “Mal ýagşy”, “Aýryldym”, “Seretmez”, “Abdylla,” “Ili gözlär”, “Dünýä heý”, “Sataşdym”, “Depe nedir düz nedir” şygyrlary bagşyçylyk sungatynyň ebedilik hemrasy bolup ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly höwes bilen diňlenýän we ýerine ýetirilýän aýdymlardyr.
Şahyryň eserlerinde saz sungaty bile baglanyşykly setirlere-de gabat gelmek
bolýar:
Ile döwlet geler bolsa, başdan burun ozan geler
***
Saz bolmagan meýlisde gürleseň hem az bolar
***
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar…
Halypa bagşy-sazandalaryň aýtmagyna görä, öňler halk arasynda ýörite Magtymgulyçy bagşylar bolupdyr. Ýagny olaryň döredijiliginiň agramly bölegi Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan aýdymlar bolupdyr. Şeýle bagşylaryň arasynda Garadäli Gökleň, Magtymguly Garly, Hally bagşy, Sahy Jepbarow, Gurt Ýakubow, Ödeniýaz Nobatow ýaly halypa bagşylaryň atlaryny getirmek bolar.
Magtymgulynyň döredijilik mirasy diňe bir türkmen edebiýatçylarynyň ýada dilçileriniň, sazşynaslarynyň däl, eýsem, dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekipdir. ХIХ asyrda Orta Aziýa ýurtlaryna syýahat eden wenger alymy Arminiý Wamberi özüniň “Orta Aziýa syýahat” atly işinde: “Bagşynyň gelmegi hem-de olaryň dutar çalyp Göroglynyň we Magtymgulynyň aýdymlaryny ýerine ýetirmegi her bir türkmen üçin iň ýokary lezzet. Magtymgula öwülýa ýaly garaýarlar. Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan aýdymlary eşiden çaglarymdaky geçen minutlar mende iň ýokary derejede hiç unudylmajak täsir galdyrdy” diýip, öz işlerinde bellikler galdyrypdyr.
Merjen KURBANOWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy.