Siziň üçin...

Innowasion ösüş ýoly bilen

26-01-2024 / 5

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň innowasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, telekeçiligiň goldanylmagyna, söwda hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ykdysadyýetde zamanabap tehnologiýalaryň hem-de sanlylaşdyrma prosesiniň ornaşdyrylmagy döwletiň global ykdysady giňişlige we dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyna uly ýardam berýär. Türkmenistan döwletimiz milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde sebitiň, yklymyň ýurtlary bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, sanly dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly üns berýär. Çünki häzirki globallaşmak şertlerinde tehnologik taýdan özgertmeler ösüşiň esasy gurallarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek Milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir.

Degişli düzümleri döwrebap ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigi, Döwlet maksatnamalarynyň kabul edilýändigi bolsa bu ugurdaky işleriň syýasy taýdan mazmunyny baýlaşdyrýar we esaslandyrylyşyny kepillendirýär. Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» geljek üçin meýilleşdirilýän gözýetimler ýurdumyzdaky telekeçilik işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, iş bilen üpjünçiligini elýeterli etmek, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysady mümkinçilikleri düýpli berkitmek, sanly ykdysadyýetiň doly binýadyny kemala getirmek, innowaion esasda ösýän senagaty döretmek, ýokary tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek arkaly döwletde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, ekologik abadançylygy gazanmak agzalan Maksatnamanyň düýp mazmunyny düzýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bolsa bu ugurdaky başlangyçlary düýpli ösdürmäge gönükdirilýär. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň hatarynda häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýup, elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek hem-de artdyrmak, dokma senagatynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem bar. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberiniň has-da artmagyna, ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde durmuş-ykdysady taýdan we ähltaraplaýyn ösen, ýokary kuwwaty bolan senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine doly mümkinçilik berer.

Şeýle hem sanly ulgamyň ösdürilmegi bilen bagly resminamalaryň kabul edilmegi hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary hem bir sanly ulgama birikdirýär. Bu bolsa ýokary hilli tehnologiýalara esaslanýan önümçilikde öndürilýän harytlaryň hil taýdan ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmek ýaly işlere hem aýratyn üsni çekendigini bellemek gerek. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň: «Içerki söwdany kämil dolandyryş we düzgünleşdiriş ulgamy harytlaryň elýeterli, bahalaryň durnukly bolmagyny üpjün edýär, söwda hyzmatynyň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirýän harytlar ýurdumyzda ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply, kuwwatly döwlet hökmünde tanadar» diýip bellemegi bolsa bu ulgamyň işine aýratyn ähmiýet berilýändigini we geriminiň has-da giňejekdigini alamatlandyrýar.

«Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň 2021— 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynyň» çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýumlar ulgamynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi bolsa bu düzümleriň halkara gatnaşyklary babatda hem işjeň iş alyp barýandyklaryny görkezýär. Halkara söwda merkezi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) goldamagynda hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa üçin «Ready4Trade» taslamasynyň çäginde amala aşyrylan söwda maglumat portaly https://infotrade.gov.tm/ resmi taýdan işe girizilmegi bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň buýsandyryjy netijeleriniň biridir.

Şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy» derejesi berlen ýurdumyzyň bu ugurda halkara standartlaryna işjeň goşulýan we dünýä bazaryny öwrenip, milli tejribede peýdalanýan netijeli işleri alyp barýandyklary nygtalmaga mynasypdyr. Sebäbi şeýle işleriň hatarynda ýerli telekeçiler dünýä bazarlarynyň tehnologiýalaryny özleşdirip, milli önümçiligiň we söwda hyzmatlarynyň düzümlerine sanly innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Şunuň netijesinde soňky ýyllarda elektron işewürligiň alamatlary aýdyň ýüze çykyp, sanly söwda hyzmatlary öz ýoluna ynamly düşdi. Munuň özi diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgamy höweslendirmäge gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň düzüminiň özgerýändigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, innowasion ykdysadyýetiň şu ugrunyň ylmy taýdan öwrenilmegi we kämilleşdirilmegine hem möhüm orun degişlidir. Şunda Türkmenistanyň degişli kanunçylygyndan, halkara tejribesinden, döwletiň uzak geljegi üçin maksat edinýän ýörelgelerinden, ylmy-tehniki mümkinçiliklerden, telekeçiligiň esaslaryndan, halkara marketingiň gazananlaryndan, toplanylan milli tejribeden hem-de möhüm ähmiýeti boljak zerurlyklardan ugur alyp innowasion işewürligiň esaslaryny has millileşdirilen häsiýetde dowam etmegiň ähmiýeti ýokarydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýan, ylmyň we innowasiýanyň ösdürilmegini döwletimize mahsus milli syýasy, ýörelgeler we ata-babalarymyzyň döretmek, gurmak babatdaky däpler bilen sazlaşykly gazanylmagyna uly ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Kadyrberdi GELDIMYRADOW, telekeçi,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu