Ilatyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokary derejesini gazanmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz döwletimiziň hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, ilkinji nobatda, durmuş ugruna gönükdirilen hukuk döwleti hökmünde ýurdumyzyň häzirki we geljekki döwrüni gönüden-göni kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamagyň, aýratyn-da, raýatlarymyzyň durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmegiň zerurdygyny nygtaýar.
Täze kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylanda Türkmenistanyň goşulyşan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan we ýörelgelerinden ugur alynýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary milli kanunçylyk binýadymyza üstünlikli ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasynda milli kanunçylygymyza halkara hukugynyň kadalary üstünlikli ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan 140-dan gowrak halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyjy bolup durýar. Olar ýurduň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meselelerini çözmegiň halkara-hukuk esasyny emele getirýärler. Olaryň hatarynda adam hukuklary babatyndaky halkara resminamalaryň sany has hem köpdür.
BMG-niň ähli jarnamalaryndan has möhümi we köpugurlysy, adamzadyň ahlak nusgasy hasaplanýan Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy aýratyn bellemeklige degişlidir. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň demokratik gymmatlyklaryna, dünýäde umumy ykrar edilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.
Häzirki wagtda ýurdumyz özüni dünýä giňişliginde demokratik jemgyýeti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet hökmünde tanatdy. Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegi milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň işini demokratiýalaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň bilen birlikde, Esasy Kanunda kesgitlenen adam hukuklarynyň türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, adalatlylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, rehimlilik, myhmansöýerlik ýaly häsiýetler bilen berk baglydygy bellärliklidir. Bu bolsa umumy ykrar edilen adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň halkymyzyň ruhy hem-de medeni gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini, jemgyýetiňdir döwletiň ösüşinde öňe gidişligi şertlendirýändigini aňladýar.
Adam hukuklaryny hormatlamak we goramak — bu döwlet häkimiýetiniň demokratiýalylygyny üpjün edýän binýatdyr. Döwlet tarapyndan kepillendirilýän hukuklar we azatlyklar adamyň ykdysady we durmuş ösüşine bolan ukybyny kämilleşdirýär. Bu bolsa, öz nobatynda, asudalygy we tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşyny kepillendirýär.
Mähri ŞAMURADOWA,
Türkmenabat şäher prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.