Kanunçylyk

Adam hukuklary we milli kanunçylyk

21-12-2023 / 9

Döwleti syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny üpjün etmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň öňe gidişligi adam hukuklaryny giňeltmek we olaryň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr.

Adam hukuklary — bu dünýäde we jemgyýetde bolup geçýän möhüm hadysalaryň ölçegi bolup durýan umumy hem-de bahasyny hiç zat bilen kesgitläp bolmaýan gymmatlykdyr. Şu aýdanlarymyzyň subutnamasy hökmünde ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 4-nji maddasyny görkezmek bolar.

«Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.

Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýry hukuklaryny goraýar.

Her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdir».

Hormatly Prezidentimiziň  durmuşa geçirýän syýasatynyň esasynda milli kanunçylygymyza halkara hukugynyň kadalary üstünlikli ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan 140-dan gowrak halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyjy bolup durýar. Olar ýurduň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meselelerini çözmegiň halkara-hukuk esasyny emele getirýärler. Olaryň hatarynda adam hukuklary babatyndaky halkara resminamalaryň sany has hem köpdür.

BMG-niň ähli jarnamalaryndan has möhümi we köpugurlysy, adamzadyň ahlak nusgasy hasaplanýan Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy aýratyn bellemeklige degişlidir. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň demokratik gymmatlyklaryna, dünýäde umumy ykrar edilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Häzirki wagtda ýurdumyz özüni dünýä giňişliginde demokratik jemgyýeti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet hökmünde tanatdy. Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegi milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň işini demokratiýalaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň bilen birlikde, Esasy Kanunda kesgitlenen adam hukuklarynyň türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, adalatlylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, rehimlilik, myhmansöýerlik ýaly häsiýetler bilen berk baglydygy bellärliklidir. Bu bolsa umumy ykrar edilen adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň halkymyzyň ruhy hem-de medeni gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini, jemgyýetiňdir döwletiň ösüşinde öňe gidişligi şertlendirýändigini aňladýar.

Ihtiýar SEÝIDOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu