Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä ady dolan, taryhy geçmişimizi, häzirki bagtyýarlygymyzy, geljekki eşretlerimizi öňünden görüp, özüniň şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan umumadamzat şahyrydyr.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ençemesi terbiýe mekdebi hökmünde atalar sözlerine öwrülip, halk döredijilik eserlerine siňip gidipdir. Meselem, şahyryň döredijiliginde Watana, tebigata bolan söýgi, agzybirlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk, beren sözüňde tapylmak, saglygyň gadyr-gymmaty, arassaçylyk barada şygyrlar köp. Bu barada ençeme mysallary getirmek bolar: «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar», «Hergiz ýaman bilen bile bolmaňlar», «Watandan daş düşen istär mekanyn», «Ýamanyň zyýany iline ýeter», «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen», «Akylly az gürlär, gorkar tilinden», «Akyl ýigit söz başlamaz «men» bilen», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez», «Ýagşy söze gulak salgyl», «Kitap okan gullar magnydan dokdur».
Ýagşy söz adamyň gözelligine, pähim-paýhasyna, ykbalyna göni täsir edýär. Şonuň üçin gowy sözlemek, hoşniýetli gürlemek endigini ynsanyň kalbyna ýaşlygyndan guýmaly, şol ruhda terbiýelemeli. «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» diýlişi ýaly, ol misli bir miweli agaçdyr.
Magtymgulynyň:
Asla adamzada ajy söz urmaň…
***
Ajy sözler dilden çykan bir okdur…
***
Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden,
Agylyňda yssy beren it ýagşy –
diýip belleýşi ýaly, ýagşy söz adamkärçiligiň gözbaşydyr. Magtymguly adamyň juwanlyk möwritinde päk ahlakly häsiýetleriň özünde jemlenmegine uly üns beripdir. Ol ýigidiň işiniň şowly bolmagynda ynamlylyk, halallyk, mertlik, arassalyk, göreldelik, yhlaslylyk we wepadarlyk ýaly gowy gylyklaryň oňyn täsirini düşündirýär.
Ýaş nesli terbiýelemekde iň wajyp usullaryň biri hem şahsy göreldedir. Magtymguly ynsan perzendiniň ata-enesine nähili sarpa goýmalydygy barada nusga bolan şahyrdyr. Türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgä görä, çaga heniz aga-gara düşünip-düşünmänkä, ene-ata, il-ulsa, tebigata, Watana söýgi duýgusy bilen terbiýelenýär.
Maral ŞAMYRADOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.