Adam hukuklary baradaky mesele halkara hukugynda garalýan iň wajyp meseleleriň biridir. Adam hukuklary bu her bir adamyň jemgyýetde erkin, rahat we abadan ýaşamagy we durmuş gurmagy, jemgyýet we döwlet işlerine işeňňir gatnaşmaklary üçin zerur bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň jemidir.
Ählimize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Parižiň Pale de Şaýo köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynda «Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy» kabul edilipdir. Jarnamanyň kabul edilmegini BMG-niň şol wagtky 58 agzasynyň 48-si goldapdyr. Adam hukuklary hakyndaky ilkinji resminama 30 maddadan ybarat bolup onda, esasy hukuk çeşmesi hökmünde adam hukuklary, azatlyklary hakynda giňişleýin bellenilip geçilendir. Adam hukuklary hakyndaky ählumumy jarnamasy bütin dünýäde iň köp 500-den gowrak dilde terjime edilen resminama bolup, ol dünýä jemgyýetçiligi hem-de her bir adam üçin örän möhüm hukuk resminamasydyr. Resminamanyň asyl nusgasy iňlis dilinde çap edilip, Pale de Şaýo köşgünde saklanylýar.
Türkmenistan döwleti öz milli kanunçylygynda «Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna» we ondan gelip çykýan konwensiýalara esaslanýar. Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyşmak bilen, özüniň üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny ösdürýär.
Faruh HASANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby.