Hünärmeniň bellemegine görä, zenanlarda köplenç 30-50 ýaşlarynda ýatgy boýunjygynyň täze howply döremeleri we onuň öň ýanyndaky keseller gabat gelýär. Bu keselleriň wagtynda öňi alynmadyk ýagdaýynda, täze howply döremelere çenli baryp ýetýändigini ýatladasymyz gelýär. Çünki her bir zenanyň wagtly-wagtynda aýal lukmanlarynyň barlagyndan geçip, olaryň maslahatlaryny almagy zerurdyr.
Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleri zenanlarda köp duş gelýän kesellerden biri bolup, onuň alamatlary wagty bilen ýüze çykmaýar. Keseliň ilkinji alamatlary ýatgy boýunjygynyň limfa damarlarynyň zaýalanmagy netijesinde jyns ýollaryndan suwuklygyň gelmegi bilen başlanýar. Eger-de zenanlarda şu alamatlar ýüze çykan dessine lukmana görünmegi maslahat berýäris. Çünki kesel näçe ir anyklansa we bejergisi doly alynsa, döräp biljek täze howply döremeleriň öňüni alarys we keselleri ýeňip geçeris.
Ýeri gelende bellesek, zenanlarda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini ir döwürde anyklamak maksady bilen, häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem aýallarda skrining barlaglary geçirilýär. Bu barlaglarynyň ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini ir döwürde anyklamakda we keseli wagtynda bejerip, öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr.
Her bir keseli bejereniňden, wagtynda öňüni almak örän wajypdyr. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekligiň, ýagny zyýanly endiklerden daşda durup, kadaly iýmitlenmegiň, lukmanyň maslahatyndan daşary dürli derman gerdejiklerini (antibiotikleri) ýygy-ýygydan ulanmazlygyň, dartgynlylykdan goranyp, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýeti uludyr.
Ulubii SULTANOWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň aýallar lukmany.