Ýerden ýokary hasyl almakda topragyň gurplulyk derejesiniň örän uly ähmiýeti bar. Topragy gurplandyrmagyň esasy usullarynyň biri hem ekin dolanyşygyny talabalaýyk ýola goýmakdan ybarat. Bu meseläni üstünlikli çözmekde birýyllyk kösükli däneli ekin bolan nohuda uly orun degişlidir.
Nohut birýyllyk kösükli ösümlik bolup, ol iýmitlik we ot-iýmlik maksatlary üçin ekilýär. Onuň dänesiniň düzüminde 4-7 göterim ýag, 2,4-12,4 göterim kletçatka, 24,5-29,7 göterim belok bar. Güýçli ösýän kök ulgamynyň kömegi bilen nohut suwy örän tygşytlamaga ukyply bolýar. Onuň baldaklary dikligine 45-50 santimetre çenli ösýär. Bu bolsa onuň hasylyny däne kombaýnlarynyň kömegi bilen ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Sentýabr, oktýabr aýlarynda nohut ekiljek ýeriň her gektaryna täsir ediji madda hasabynda 55-60 kilogram fosfor, 45-50 kilogram kaliý döküni berilýär. Soňra toprak 28-30 santimetr çuňlukda sürülýär. Sürüm işleri geçirilen ýer fewral aýynyň ahyrlarynda iki ugur boýunça uzyn sütünli greýder bilen tekizlenýär. 2-3 günden soň, hatararalary 90 santimetr bolan gerişler çekilýär. Mart aýyny ň birinji ýarymynda nohudyň tohumy ugurlar (liniýalar) boýunça aýratynlykda gerşiň üstüne iki hatar edilip, 4-5 santimetr çuňluga el bilen ekilýär.
Nohudy ekin dolanyşygynda güýzlük däneli ekinlerden, şeýle hem haşal otlardan arassalanan ýerlerde ekmek has amatlydyr. Nohutdan soň, dänelik we siloslyk mekgejöwen gowy gögerýär. Pagtaçylyk hojalyklarynda nohudy gowaçanyň öňünden ekmek örän peýdalydyr.
Saparmyrat RUSLANOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.