Şägirt we halypa! Bu sözde türkmeniň ýaşaýyş durmuşyna many berýän, islendik kesp-hünäriň dowamyna dowamat bolýan baglanyşyk bar. Halkymyz haýsy kär bolanda-da, ilki bilen, halypadan öwrenip, ak pata alyp, hünärini ýöretmegi ýörelge hasaplaýar. Muhammet Horezmi, Abu Sagyt Abdulhaýyr, Abu Nasr Faraby, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy, Omar Haýýam, Nejmeddin Kubra, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Mollanepes ýaly ençeme şahsyýetler halypa-şägirtlik ýoluny geçip, dünýä derejesinde her biri öz mynasyp goşandyny goşupdyrlar.
Nejmeddin Kubra bir gezek öz göwni ýetýän şägirtleriniň birini ýanyna çagyryp:
– Men entek saňa ak ata bermäýin. Sen Merwe git, şol ýeriniň alym-ulamalaryndan ylym öwren, öz bilýänleriňi sopulara öwret, bir ýyl şol ýerde bol – diýipdir. Şägirt:
– Men sizden ak pata almasam, nädip ile öwredeýin – diýipdir.
Şonda ussat:
– Sende öwrenmek ukyby bar, öwretmek ukybyny ele alanyňdan soň saňa ak pata bereýin – diýipdir.
Halypalyk ýoly iň ynamdar, iň inçe ýol hasaplanypdyr. Hoja Ýusup Hemadany säher bilen ajöze şägirtlerine sapak bermegi ýola goýupdyr. Ondan onuň sebäbini soranlarynda:
– Säher dergähler açyk wagty, ylma teşneleriň aşgazanyny iýmit bilen doldurman, ylym hikmetleriniň nury bilen doldursaň, ol ylym hiç haçan öçmeýär. Saba çagy ylym öwrenmegiň sogaby haç parzyna barabardyr. Şol öwrenen ylmyňy ýene-de özgelere öwredenleriň bolsa iki dünýäsi hem abatdyr – diýipdir.
Halypa-şägirtlik ýoly barada ata-babalarymyz köp wesýetler, nakyllar galdyrypdyrlar. „Şägirt bolmadyk, halypa-da bolmaz“, „Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter“, „Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt“, „Halypanyň ýoly – şägirde belli“,„Halypasyz ussat bolmaz, ussatsyz – hünär“ ýaly nakyllar hem bu ýörelgäniň ykrarnamasydyr.
Orazmuhammet GARAGULOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.