- Bilim bilen ylmyň arasynda uly tapawut bardyr. Bilim — bu öň bilýän zadyňy ýaňadan ýadyňa salmakdyr. Ylym bolsa öň bilmeýän zadyňy öwrenip, ömürlik ýadyňda saklamakdyr.
- Eger beýleki adamlaryň arzuwyna ýetmäge kömek etseň, siz hem durmuşda isleýän arzuwyňyza ýetip bilersiň.
- Ýalňyşýan adam akmak däl-de, hiç haçan ýalňyşmaýan adam akmak.
- Durmuşyň iň oýlandyryjy we möhüm soragy şudur: başgalar üçin näme edýärsiň?
- Üstünligiň syry — bu hiç kimiň bilmeýän nämedir bir zadyny bilmekdir.
- Lukmanlar maňa meniň hiç haçan ýöräp bilmejegimi aýtdylar, ejem bolsa näme üçin ýöremeli däldigimi ýaňzytdy, men ejeme ynandym.
- Eger bagty özümizde tapyp bilmesek, ony hiç ýerden hem tapyp bilmeris.
- Geljek – öz arzuwlarynyň owadanlygyna ynanýanlaryňkydyr.
Marjana ŞAMRATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.