- Adamlar geplemegi yhlas bilen öwrenýär, ýöne esasy ylym haçan we nirede dymmagy öwrenmegi başarmakdyr.
- Biri ýata suwda diňe ýata suwy görýär, başga biri bolsa onda ýyldyzlary görýär.
- Ýanmaga we ýagty saçmaga gaýratyň çatmaýan bolsa, yşygyň öňüni bir tutma.
Lew Tolstoý
Abraýly adama salgylanmak meseläniň dogry çözgüdiniň tapyldygy däldir.
Brenedikit Spinoza
Hemme zady eşitjek bolup ýörme, ýaramaz sözlerem gulagyňa iler.
Solomon
Maslahatyň geň tarapy: akylly adama maslahat gerek däl, samsyk bolsa hiç haçan maslahat almaýar.
Pawel Taranow
Paýhasly adam özgeleriň ýalňyşlyklaryndan sapak alyp, özüniňkini düzedýär.
Publiliý Sir
Hemmelerden akylly görünjek bolmak ýaly samsyk isleg ýokdur.
Fransua Laroşfuko
Kim köp bilýän bolsa, ondan talap şonça-da köpdür.
Dewid Krosbi
- Köp wada bermek ynamy azaldýandyr.
- Ýalňyşmazlyk üçin beter alada etmek, başga bir ýalňyşlygyň üstünden elter.
Gorasiý
Diňlemegi öwren, şonda hatda erbet gürleýänlerdenem özüň üçin haýyrly bir zat taparsyň.
Plutarh
Baýmyrat ARAZOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.