Siziň üçin...

Gadymy türkmen halylary

23-09-2023 / 11

Haly önümleriniň 40-dan hem köpräk görnüşi bize mälim bolup, ol halkymyzyň durmuş zerurlyklary, milli däp-dessurlary bilen berk baglydyr. Biz gadymyýetde dörän haly görnüşleriniň birnäçesi barada okyjylarymyza maglumat berip geçmegi göwnejaý bildik.

Horjun — azyk we beýleki maýda zatlary salmak üçin ulanylýan iki gözli torba. Onuň agzyny köjäp (başgaça daňmak) bolýan ýüplerem bar.

Çuwal — geýim-gejim we goş-golam saklamak üçin niýetlenen halydan dokalan halta.

Eňsi — türkmen ak öýüniň gapysynyň daş ýüzünden asylýan haly önümi.

Gapylyk — öýüň gapysynyň iç ýüzünden bezeg üçin asylýan haly önümi.

Germeç — ak öýüň daşky bosagasyny bezemek üçin dokalýan haly.

Duztorba, çemçetorba, çanaktorba — bu haly önümleri duz, çemçe, çanak we ş.m zatlar salmak üçin niýetlenipdir.

Iklik — ýüp egirýän ik salmak üçin gap.

Ukbaş — göçülende öýüň uguna zeper ýetmez ýaly uga geýdirilýän haly önümi.

Ümür-duman — öýüň tüýnügini owadan, göze gelüwli bolmagy üçin ulanylýan haly önümi. Ol tüýnügi uklara birikdirýän 3-4 bölekden durýar.

Halyk — düýäniň arkasyna atylýan ortasy dilik halydan dokalýan önüm. Halyk gyşda düýe üşemez ýaly onuň üstüne hem atylýar.

Düýebaşlyk — düýäniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar.

Maňlaýlyk — gelnalyja gitjek düýäniň maňlaýynyň bezegi.

Kejebelik — gelnalyja iberilýän düýäni bezemekde ulanylýar.

Dyzlyk (Düýedyzlyk) — düýäniň öň aýagynyň dyzlaryny bezemek üçin.

Asmalyk — gelniň münýän düýesini bezemekde ulanylýan haly önümi.

Athaly — atyň arkasyna ýapylýar.

Eýerlik — atyň eýeriniň üstünden ýapylýar.

Içirgi — atyň eýeriniň aşagyndan ýapylýar.

Bu haly görnüşleri özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyşlarynyň, reňkleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr. Bularyň köpüsi bezeg hökmünde ulanylyp, häli-häzire çenli uly ähmiýete eýe bolup gelýär.

Aýbölek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu