Alymlaryň çaklamagyna görä, ynsan bütin ömrüniň dowamynda kabul edýän suwunyň mukdary takmynan 35 tonna barabardyr.
***
Suw ynsan ýaşaýyşy üçin zerurlygy boýunça howadan soň ikinji orunda durýan madda hasaplanýar.
***
Adam bedeniniň takmynan 70%-ini suw tutýar.
***
Dünýäde her ýyl suw arkaly döreýän kesellerden takmynan 25 million adam heläk bolýar.
***
Adam bedeninde bar bolan suwuň umumy mukdarynyň 20%-ini ýitirmek ölüm howpludyr. Beýleki tarapdan suwuň gereginden artykmaç kabul edilmegi hem zyýanly. Sebäbi ol bedendäki duzlaryň we suwlaryň deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär.
***
Adam hatda iýmitsiz diňe suw içmek bilen bir aýa golaý ýaşap biler.
***
Adaty fiziki we zähmet şertlerinde adam bedeninden her gün takmynan üç litre golaý suw bölünip çykýar.
***
Suw häzirki güne çenli erkin ýagdaýda üç halda gabat gelýän ýeke-täk maddadyr we onuň nädip beýle bolýandygyny düşündirip bilmeýärler.
***
Suw dünýäde ýylylygy saklap bilýän ilkinji maddadyr. Tomsuna Günüň şöhleleri arkaly ýylan deňiz suwy örän köp mukdarda energiýany özünde jemleýär. Gyşyna howa sowanda şol ýylylyk energiýasy suwuň düzüminden çykyp, daş-töwerege ýaýraýar we deňziň golaýyndaky ýerlere belli bir derejede ýylylyk berýär. Deňziň kenaryndaky ýaşaýyş ýerleriniň beýlekilere garanyňda aram ýagdaýda bolmagynyň esasy sebäbi hem şudur.
***
Suw doňan wagty hemişe üstki gatlagy doňýar. Şeýlelik-de, buzlar suwuň ýüzünde bolýar. Eger ýylyň dowamynda doňýan buzlar suwuň düýbüne çökse, deňizdir ummanlaryň ählisi diýen ýaly doňardy we biziň Ýerimiz buzly planeta öwrülerdi.
***
Suwuň aýratynlyklaryna ser salsak, sap suw tagamsyzdyr, yssyzdyr, reňksizdir. Içilýän suwlaryň tagamyny minerallar berýär. Bu minerallar dagyň gaýalarynda bolýar we suw akan mahaly suwuň düzümine goşulýarlar.
Ogulnur BABAGULYÝEWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.