Türkmen milli göreşinde ýaryş geçirilýän ýer tekiz bolmaly we onuň üstünden galyňlygy bäş santimetrden ýuka bolmadyk ýörite haly düşekçe düşelýär. Halyda içki çägi we gorag çägi belgilenilýär. Tegelegiň göwrümi alty-dokuz metrdir. Resmi ýaryşlarda tegelekleriň göwrümi dokuz metr edilýär. Içki we gorag zonalarynyň arasyny bölýän ýoda ”passiw zona” diýilýär we ol içki zonanyň bir bölegi hasaplanylýar. Ol, adatça, gyzyl reňk bilen belgilenilýär. Onuň ini bir metre barabardyr. Passiw zonanyň yzyndan gorag zonasy gelýär we onuň ini bir ýarym, iki metre deň bolmalydyr. Eminiň stolundan çepki tarap ýaşyl reňk bilen belgilenilýär, sag tarap bolsa gök reňk bilen belgilenilýär.
Tutluşygyň eminligi eminleriň topary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Olar şu düzümde bolýarlar: halynyň ýolbaşçysy, arbitr, gapdal emin, emin-hronometrist, tablodaky emin we gatnaşyjylardaky emin.
Toý-baýramçylyklarda türkmen milli göreşi, adatça, çägäniň üstünde göreşdirilýär. Märeke meýdançanyň otuz metr golaýnda töwerek şekilli durýar, ortada bolsa şol giňlikde çäge ýaýradylýar. Göreşi geçirmek üçin hormatly ýaşululardan, ozal göreşip at gazanan pälwanlardan ybarat eminler düzülýär. Eminler adalatly adamlardan saýlanýar. Olaryň çözgüdi esasynda ýeňijini kesgitleýärler. Eminleriň sany täk bolmalydyr. Olaryň sany, köplenç, bäş ýa-da ýedi adamdan ybarat bolýar. Käbir uly toýlarda bolsa olaryň sany dokuza çenli ýetirilýär. Ortada ýörite jarçy emin bellenilip, ol guşak daňlyşyny, pälwanlaryň el tutluşygyny kadalaşdyryp, göreşiň başlanandygyny yglan edip durýar. Haýsy pälwanyň ýeňiş gazanandygy hakynda öz pikirini aýdýar.
Türkmen milli göreşiniň emel taýýarlygy guşak daňmakdan başlanýandygy bilen hem beýleki göreşlerden düýpgöter tapawutlanýar. Çünki guşak daňmak tehniki ukyplylygyň iň başlangyç çeşmeleriniň biridir. Guşagy oňat daňyp bilmedik pälwanlar özleriniň birnäçe mümkinçiliklerini ýetirýärler. Gowşak daňlan guşak bilen göreşeniňde, emeli ýerine ýeirmek mümkinçiligi has pes bolýar. Çünki garşydaşyňa goranyş hereketlerini we garşylyklaýyn emelleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik döreýär. Türkmen milli göreşinde guşak daňmagyň begbag, igbag, gyrnakbag usuly ulanylýar.
Begbag daňlyş usuly oňat hilli daňlyş hasaplanýar, ýöne bu daňlyş usulynyň çylşyrymly bolandygy üçin, pälwanlaryň hemmesi ony daňyp başarmaýar. Şonuň üçin diňe ýokary derejeli we tejribeli pälwanlar şu daňlyş usulyny ulanyp bilýärler.
Igbag usuly boýunça guşak daňlanda, esasy bir tapawut bar, ýagny birinji düwünden soňra guşagyň iki ujundan tutup, gowy silkmeli. Şonda birinji düwün ahyrky ýagdaýyny alanda, bir ujy aýlanyp ýatýar, beýleki ujy bolsa göni ýatýar. Şol göni ýatýan ujuny içinden öwrüp alyp, öwrülmedik ujunyň aşagyndan alyp üstüne öwrüp daňmaly.
Gyrnakbag daňlyş usulynyň ýönekeýligi sebäpli, ony pälwanlaryň hemmesi daňyp bilýär. Bu göni daňlyş usuly bolup, guşagyň hiç bir ujy yzyna öwrüm edilmeýär. Şonuň üçin göreşiň dowamynda bu daňlyş usuly gowşaýar.
Sapargylyç ALTYBAÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň talyby.