Siziň üçin...

Merw — medeniýetiň merkezi

22-09-2023 / 17

Gadymy Merw ata-babalarymyzyň baý we şöhratly taryhyny özüne siňdiren şäher. IX–XII asyrlarda Merw ylmyň we medeniýetiň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Oňa orta asyrlarda “Horasan şäherleriniň enesi” diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Merwde dünýäde ilkinji ylmy akademiýalar, ýagny “paýhas öýleri” döredilipdir. Ýerli alymlardan başga-da, dürli ýerlerden gelen alymlar Merwiň kitaphanalaryndan, obserwatoriýasyndan peýdalanypdyrlar we dünýä derejesinde ähmiýeti bolan ylmy açyşlary döredipdirler. Merwiň kitaphanalarynda gadymy pars, hindi, hytaý we grek dillerinde ýazylan kitaplar bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň hut özünde ýazylan gymmatly kitaplar hem köp bolupdyr.

Merwiň iň bir gülläp ösen döwri Seljuk türkmen döwletiniň döwrüne gabat gelýär. Seljuk hökümdarlary Togrul beg, Çagry beg, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar taryhda iň uly we şöhratly türkmen döwleti hökmünde belli bolan Seljuk döwletiniň döremeginde, onuň giňemeginde, berkemeginde we ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Olar Merwde ylmyň hem-de medeniýetiň ösmegine howandarlyk edipdirler. Seljuk hökümdarlarynyň adalatlylygy we abraýy rowaýata öwrülip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Alp-Arslanyň we Mälik şanyň döwründe baş wezir bolan Nyzam-al-mulk soltanlygyň gülläp ösmegi ugrunda köp işler bitiripdir. Ol özüniň döwlet dolandyryş babatda ýazan “Syýasatnama” eseri bilen hem meşhurdyr.

Orta asyrlarda Merw Gündogaryň iň uly senetçilik we söwda merkezleriniň biri bolupdyr. Merw özüniň ökde hünärmenleri bilen meşhurlyk gazanypdyr. Merwiň matalaryndan Bagdadyň han-begleriniň lybaslary tikilipdir. Merwde ýasalan zer we küýze önümleri geçginli harytlar bolupdyr. Merw Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşipdir. Söwdagärler Merwde öndürilen harytlary dürli ýurtlara äkidipdirler.

Murgap jülgesi ekerançylygyň ösen sebiti bolupdyr. Derýanyň ugrunda uly ýaplar, bentler, gatlalar gurlup, takyk işledilen suwaryş ulgamy arkaly suw örän tygşytly ulanylypdyr. Merwiň suwaryş desgalaryna gözegçilik etmek we desgalary gurmak işleri bilen 10 müň adamyň meşgul bolandygy hakynda taryhy ýazgylar bar.

Merwiň lukmanlary, tebigaty öwrenijileri, hasapçylary, astronomlary, taryhçylary, filosoflary, şahyrlarydyr sazandalary bütin Gündogarda belli bolupdyrlar. Meşhur rubagylary bilen dünýä tanalýan Omar Haýýam ömrüniň iň hasylly ýyllarynda Merwde ýaşapdyr. Şol ýerde Seljuk soltany Mälik şanyň hemaýatkärlik etmeginde köp ýyllap işläpdir. Omar Haýýam, esasan, matematika, filosofiýa, astronomiýa bilen meşgullanypdyr.

Görnükli matematik we astronom Al-Merwezi dünýäde ilkinji bolup trigonometriýanyň esasy düzgünlerini kesgitläpdir. Merw obserwatoriýasynda işlän astronom ibn Talha şol ýerde hasaplamalary geçipdir. “Asman gurşawyny düşündirmek hakynda” diýen ajaýyp işini ýazypdyr. Merwde ýaşan alym al-Hazini Gündogaryň meşhur fizikleriniň biri bolupdyr. Ol dünýäde ilkinji bolup howanyň fiziki häsiýetlerini barlapdyr, suwuklyklaryň dykyzlygyny kesgitlemek boýunça özüniň oýlap tapan abzallaryny ulanypdyr. Merwli taryhçy ibn Seýit as-Samany 40-a golaý iş ýazypdyr. Ol öz işlerinde VIII – XII asyrlarda Orta Aziýada ýaşap geçen musulman medeniýetiniň görnükli wekilleriniň, meşhur alymlaryň, şahyrlaryň müňlerçesiniň atlaryny tutupdyr. Merwli alymlardan  hasapçy Habaş al-Hasib, geografiýaçy Jepbar ibn Ahmet al-Merwezi, taryhçy Abdylkerim as-Samany, görnükli şahyrlar Emir Muizzi, Ali Ahadaddin Enweri we başgalar dünýä möçberinde tanalypdyrlar. Merwde ýaşan meşhur sazandalaryň biri Barbut Merweziniň 30 sany sazy we 360 sany aýdymy döredendigi barada taryhy maglumatlar saklanypdyr.

Ýusup METIKOW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu