- Biziň isleglerimizi amala aşyryp biljek jadygöý açar tutanýerli zähmetdir.
- Näçeräk, nähiliräk bagtly bolmak islän bolsa admlaryň köp bölegi şonçarak bagtly bolandyr.
- Alys geljekde ýüze çykaýmagy mümkin kynçylyklar hakynda pikir etmeýän adam ýanyndaky näsazlyklara büdreýär.
- Diňe mähir-mylakatlylyk kalbyňa aram berýär. Diňe tygşytlylyk bolçulyga ýetirýär.
- Eger siz adamlara gowy görünmek isleseňiz, olar bilen çyn ýürekden gyzyklanyň!
- Oňat gylyk hem baýlygyň bir görnüşidir.
- Öz ýoldaşlary bilen gyzyklanmaýan adam, durmuşda örän uly kynçylyklary başyndan geçirýär we töweregindäki adamlara iň köp zyýan ýetirýär. Edeni ugruna bolmaýanlar, diňe şoňa meňzeş adamlaryň tarapyndan çykýar.
- Hiç bir lukman argyn bedene hem-de çökgün ruha umyt ýaly täsirli melhem tapyp bilmez.
- Öwginiň ýakymlysy hiç hili ýagşylyk etmedik adamyňdan eşideniňdir. Kemsitmäniň iň agyry bolsa, hiç mahal ýamanlyk etmedik adamyňdan eşitmekdir.
- Iň köp göwnümize ýaran adam — özümize meňzeýän adamdyr.
Toplan: Nurana GURBANGELDIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň talyby.