Siziň üçin...

Çagalaryň şekillendiriş sungaty

22-09-2023 / 16

Ösüp gelýän nesle edep-terbiýe bermekde halkymyzyň milli terbiýeçilik ýörelgeleriniň birnäçe däpleri, usullary ulanylýar. Şekillendiriş sungaty bilen meşgullanmak çagalaryň tebigy zehininiň, onuň öňdebaryjylyk häsiýetiniň hem-de döredijilik ukybynyň özara sazlaşykda ösmegine öňyn täsirini ýetirýär.

Çaga entek kiçi ýaşynda, surat çekmek üçin aňsat bolar ýaly, materiallary we gurallary saýlamaly. Munuň üçin mum ýa-da ýagly pastel has gowy bolar. Olar kagyzyň ýüzünde ýeňil we tekiz bolýar. Kynçylyksyz uly gül tegmillerini döredip bolýar we bir reňki beýleki reňke goýan ýagdaýyňda owadan sazlaşyk berýär.

Çaga ulaldygyça, çekýän zatlarynyň suratyny hakykatdaky reňk bilen gabat getirjek bolýar. Şu ýagdaýda hiç hili öwüşginsiz reňk berilýär. Şekil üçin reňk saýlanda çaga beýleki reňkiň umumy alamatyndan ugur alýar. Öwüşginiň tapawudy ýok. Çagada reňke bolan şeýle gatnaşyk mekdebe çenli ýaşynyň soňlarynda döräp bilýär. Körpe çagalara aňsat bolar ýaly şekiljigiň içini reňk bilen doldurmak, onuň reňkleri has çalt özleşdirmegine ýardam berýär.

Halkymyzyň milli geýimleriniň tikiliş usullary we olaryň reňk aýratynlygy milletiň aň-düşünjesi, däp–dessurlary we ýaşaýyş şertleri bilen baglydyr. Türkmen halkynyň milli egin–eşikleriniň reňk düzgüni we tikiliş keşbi diňe bezeg hökmünde däl, eýsem, terbiýe berýän geýim hökmünde hem kesgitlenilmeli. Çaganyň terbiýesinde onuň egin-eşiginiň reňkleri örän ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda çagalar üçin dürli hilli reňkli galamlar, boýaglar, içi suratly depderler, kitaplar ýurdumyzda öndürilip, halkymyza elýeterli bahalarda hüdürlenýär.

Gunça MEREDOWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu