- Taryhda köp çagaly kaka Marokkada ýaşap geçipdir. Marokkaly soltan Ysmaýylyň 340 gyzy bilen 548 sany ogly bolupdyr.
- Statistika laýyklykda, 3-4 ýaşly çaga her gün 900-e golaý sorag berýär we gürlände 12 müň söz ulanýar.
- Nigeriýa dünýäde ekiz çagalaryň iň köp dogulýan ýurdudyr. Ýaponiýa bolsa, tersine.
- Ýewropa döwletlerinde doglan çagalara käbir maşgalalar multfilmleriň ýa-da kitaplardaky gahrymanlaryň — Garri Poter, Enakina Skaýuoker, Kasper ýaly atlary hem goýýan ekenler.
- Alymlaryň tassyklamagyna görä, çagalygynda köp emedeklän körpeleriň mekdep döwründe bilim almak ukyby has ýiti bolýar.
- Dünýäde çagalaryň aglaba bölegi hepdäniň sişenbe güni dogulýarlar. Hepdäniň dynç günleri dogulýan çagalar örän seýrek.
Toplan: Saparmyrat BAÝNAZAROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.