Siziň üçin...

Pagta hasylyny ýangyn howpundan goralyň!

20-09-2023 / 15

Uly zähmet joşguny bilen badalga alan pagta ýygymyny göwnejaý, ýitgisiz geçirmek häzirki wagtda möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, zerur bolan ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça öňüni alyş çäreleri guramaçylykly geçirilýär. Şunda, öňi bilen, pagta ýygymyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi wajypdyr.

Oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary degişli tehnikalaryň ýangyn howpsuzlygyna, ýangyna garşy göreş çärelerine taýýarlygyna gözegçilik etmek üçin jogapkär adamlary belleýärler. Olar bolsa awtoulag serişdeleriniň, kombaýnlaryň, traktorlaryň sürüjileriniň arasynda degişli gözükdiriş işlerini geçirýärler.

Pagta ýygymyna gatnaşýan tehnikalar hökmany ýagdaýda keçe, pil, çarşak we beýleki ot söndüriji serişdeler bilen doly üpjün edilmelidir. Tehnikalar işe goýberilmezden öň, ýörite düzülen işçi toparyň agzalary tarapyndan degişli barlaglar geçirilip, ýörite rugsatnama berilmelidir. Mehanizatorlar üçin wagtlaýyn meýdan düşelgeleri pagta meýdanlaryndan, harmanlardan we beýleki ýangyn howply ýerlerden azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşdirilýär. Ýygyma gatnaşýan tehnikalaryň tüsseçykarlary göwnejaý uçgun söndürijiler bilen üpjün edilýär. Tehnikalaryň sürtülýän, aşa gyzýan ýerlerine pagta übtükleriniň düşmezligi üçin mehanizatorlar tarapyndan öz wagtynda gözegçilik barlaglary geçirilýär. Şunda tehnikalaryň köp sürtülýän ýerleri, olaryň çendenaşa gyzmagynyň öňüni almak üçin öz wagtynda çalgy ýaglary bilen ýaglanyp durulýar. Bu bolsa olaryň iş öndürijiliginiň artmagyna getirýär.

Awtoulaglary, traktorlary uçgun söndürijisiz ulanmak, ýüklenen pagtany syk dokalan mata bilen örtmezden daşamak, birbada üç sany tirkegden köp daşamak bolmaýar.

Ýangyna garşy suw üpjünçiligi hereket edýän kadalaşdyryjy düzgünnamanyň talaplary esasynda alnyp barylýar. Ýangyna garşy howuzlaryň suw ätiýaçlygy 3 sagatlyk ýangyn söndürilmegine ýeterlik bolmalydyr. 24 sagatdan köp bolmadyk wagtda howzuň suwunyň gaýtadan doldurylmagyny üpjün edýän nasoslar oturdylmalydyr. Pagta kabul ediş kärhanalarynda, ammarlarda iş wagty tamamlanandan soň, ähli elektrik ulgamyny öçürmek hökmandyr. Aragatnaşyk, ýangyn söndüriji serişdeler işjeň-taýýar ýagdaýda saklanmalydyr.

Ähli işçi-gullukçylar bilen ýangyn dörän halatynda ýerine ýetirilmeli borçlar barada düşündiriş işleri geçirilýär. Pagta hasylyny kabul ediş harmanhanalarda, pagta arassalaýjy kärhanalarda işledilýän pagta ýükleýjiler, pagtany dagadyjylar işe goýberilmezden öň, olaryň tehniki taýdan guratlygy barlagdan geçirilýär.

Pagta taýýarlaýyş nokatlarynyň, harmanlaryň, ammarlaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň çäklerinde, üsti pagta ýükli awtoulag serişdeleriniň töwereginde açyk otdan peýdalanmak, ýangyn howpuny döredip biljek işleri geçirmek bolmaýar. Ähli tehnikalar gurat saklanyp, olara öz wagtynda tehniki hyzmatlar geçirilýär. Hasyl ýüklenen awtoulag serişdelerinde adamlary daşamak gadagan edilýär.

Uly yhlas bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de yrýa etmän, öz wagtynda ýygnamak, ony ýangyn howpundan gorap saklamak esasy hem möhüm borçdur.

Ahunjan BABAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Ýangyn-tehniki fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu