Siziň üçin...

Magtymguludan saýlanan setirler

20-09-2023 / 6

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar.
***
Gadyr bilenden daş etme,
Nägadyra ýoldaş etme,
Til bilmez bela duş etme,
Sada til bolsun – türkana.
***
Synaýyn, göreýin, bu gün ykbalym,
Ýagşy gün, hoş sähet gelipmi salym.
***
Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere,
Tutgul, ýagny bilgil, nan-u aşymdan.
***
Hak her kime bir ýol berdi,
Her kim bir borja dalaşdy.
***
Köňlümge gelgen nagyşlar gözlerge peýda bolsa ger,
Goşulsalar köp nadanlar, kämil bolup, merdan çykar.
***
Her kim güýçli bolsa, oňa pir diýrler,
“Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler.
***
Ýerde beşer patyşahy,
Hudaýymnyň halany.
***
Tapar hajyň sowabyn –
Her kim bir garyp goldar.
***
Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi.
***
Ýa bir merde ýykyl, ýa-da Hudaýa.
***
Magtymguly diýrler meniň adymy,
Älem elin çoýar, görse odumy.
***
Bende, sen bet işe batyrlyk etme,
Aldyňda goýarlar ol gün bu işi!
Nebse uýma, şeýtn raýyna gitme,
Hyjalata goýar, bilgin, bu işi!
***
Ýürekde ýok sözi tile getirme,
Yhlas gulagyna çalgyn bu işi!
***
Görmesem, söýlemen oý bile çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan.
***
Älem içre adam gezmez, at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer.
***
Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,
Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma.
***
Seýl edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner.

Taýýarlan: Allamyrat ALLAMYRADOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu