Garpyz tomus paslynda özüne çekiji tagamy bilen beýleki miwelerden tapawutlanýar. Türkiýeli iýmit we berhiz hünärmeni Nur Ejem Baýdy garpyzyň sarp ediliş wagtyndaky käbir düzgünleriň berjaý edilmelidigini, şeýle-de, garpyzyň süýji keseli we böwrek üçin çynlakaý howp döredip biljekdigini duýurýar. Hünärmen bu babatda möhüm duýduryşlary we teklipleri berdi:
Gije iýmäň! Tomus aýlarynda nahardan soň iýilýän garpyz, metabolizma agram salýar. Şonuň üçin beýleki miweleri, esasanam tomus möwsüminiň aýrylmaz iýmiti bolan garpyzy, agşam däl-de, gündiz iýmäge üns beriň. Çünki gije iýilýän miweler bagyr we süýji keseli ýaly keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar.
Gabygyň ýanyndaky ak bölegi taşlamaň! Gabyga ýakyn bolan garpyzyň ak bölegi beden üçin diýseň peýdaly bolup, onuň düzüminde köp mukdarda bioaktiw maddalar bardyr. Esasanam ýürek-damar saglygyny goramakda täsirli aminokislotaly sitrulini öz içine alýandygy sebäpli, ýürege ýakymly aýratynlygy özünde saklaýar. Şol sebäpli garpyzy kesip, ak bölekleri öz içine alýan görnüşde kesip, peýdasyny has-da artdyryp bilersiňiz.
Garpyzy peýnir bilen iýiň! Garpyzyň diňe özi iýilende, gysga wagtdan soň ajykmagyňyza sebäp bolup biler. Onuň öňüni almak üçin garpyzy peýnir bilen iýip bilersiňiz. Sagdyn we orta agramly adamlar wagtal-wagtal 2 dilim garpyz we 2-3 dilim peýnir bilen 60-90 grama laýyk nahar iýip bilerler. Şeýle-de bolsa, ony hemişelik endik etmekden saklanmalydyrlar.
Kesmezden ozal elmydama ýuwuň! Garpyzyň gabygyndaky palçyk we tozan ýaly galyndylar kesilende garpyzyň iýilýän böleklerine pyçak arkaly bakteriýalar geçip biler. Bu galyndylardan dynmak üçin garpyzy kesmeziňizden ozal garpyzy suwuň aşagynda goýup gowy edip ýuwuň. Ýuwmak, gabygyň üstündäki kesel döredýän bakteriýalardan arassalanmagy üpjün edip bilmez. Şonuň üçin garpyzy kesmezden ozal sirke suwuna batyrmak hem maslahat berilýär.
«TürkmenGazet».