Dünýäniň iň beýik nokadynyň Gimalaý daglaryndaky Ewerest (Jomolungma hem diýilýär) depesidigi hemmä mälim bolsa gerek. Emma bu kesgitleme belentligiň ölçenip başlanýan ýerine görä üýtgeýär. Ewerest ortaça deňiz derejesinden ölçenende iň beýik dag hasaplanýar. Aslynda, Ýer ýüzüniň iň beýik nokady asmana iň ýakyn nokat bolmaly. Emma bu dagyň çür depesi Ýeriň kosmosa iň ýakyn nokady däl. Ewerest Ýeriň merkezinden iň uzakdaky nokat hem däl. Munuň sebäbi dagyň beýikliginiň deňiz derejesine görä ölçenmegi bilen bagly.
Ýer togalagynyň merkezi hasaba alnanda, iň beýik dag And dag ulgamyndaky Çimboraso hasaplanýar. Bu dagyň planetamyzyň merkezinden uzaklygy 6 müň 384 kilometrdir. Bu görkeziji Ewerestde 6 müň 382 kilometr. Aradaky tapawut bary-ýogy 2 kilometr hem bolsa, Çimboraso has beýik hasaplanýar. Iki dagyň arasyndaky tapawut ýeriň tos-togalak däl-de, birneme süýri bolmagy bilen bagly. Mälim bolşy ýaly, Ýer togalagy Ekwator guşaklygynda has süýri, polýuslarda bolsa ýasyrakdyr. Bu bolsa Ekwatora ýakyn ýerleriň has belentde ýerleşýändigini aňladýar. Şeýlelikde, Ekwator Ýeriň ýadrosyna – merkezine has uzakda ýerleşýär. Çimboraso dagy Ekwator guşaklygyna örän ýakyn bolansoň, özünden beýik daglara garanyňda asmana has ýakyn hasaplanýar. Çimborasodan başga ýene üç dag Ewereste garanyňda Ýeriň merkezinden has beýikde ýerleşýär. Olar Perudaky Uaskaran, Ekwadordaky Kotopahi wulkany hem-de Tanzaniýadaky Kilimanjaro dagydyr. XVI asyrdan XIX asyryň başlaryna çenli Çimboraso dünýäniň iň beýik dagy hasaplanypdyr. Şeýle-de bolsa bu dag And daglarynda beýikligi babatda 39-njy orunda durýar.
Başga bir kesgitleme göz öňünde tutulanda bolsa, Gawaidäki Mauna Kea dagy sanawyň birinji ornuny eýeleýär. Bu dagyň etegi deňziň çuňluklaryna tarap uzap gidýär. Eger-de dagyň aşaky bölegi hasaba alynsa, Mauna Keanyň uzynlygy 10 müň 200 metre barabar bolup, beýlekilerden tapawutlanýar. Bu kesgitleme hasaba alnanda Ewerestiň beýikligi 4 müň 650 metr bolýar. Bu bolsa Ewerestiň Mauna Keadan 5 müň 550 metr, ýagny iki esseden hem köp pesdigini görkezýär.
Gunça HAMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.