Siziň üçin...

Dermanlyk ösümlikleriň saglyga peýdasy

Halk lukmançylygyndan

04-07-2023 / 8

Türkmen tebigatynda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Jana şypa howaly tebigatymyz dermanlyk ösümliklere juda-da baý. Owadan hem tämiz  tebigatymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler  ynsan saglygyny bejermekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin türkmen tebigatyny gorap saklamak ählimiziň borjumyzdyr. Ynsan saglygy üçin ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak we onuň ekologiki taýdan arassa bolmagyny üpjün etmek baradaky hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir.

Bu ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopediki işi lukmanlar we halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmelerdir. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren  «Türkmenistan — melhemler mekany»,  «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» we beýleki dürdäne eserleri diňe ýokary çeperçilik derejesi boýunça tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň saglygyny berkitmekde we goramakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Bu gymmaty egsilmeýän kitaplarda ynsan bilen tebigatyň sazlaşykly ýaşamagynyň düýp manysy, türkmen tebigatynyň eçilýän baýlyklarynyň ynsanyň ruhy hem beden saglygyna ýetirýän täsirleri ylmy maglumatlar arkaly beýan edilýär. Milli Liderimiziň döredijilik zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserlerinde sahawatly türkmen topragynyň, her  damjasy altyna deňelýän bereketli suwuň, dermanlyk ösümlikleriň adamyň saglygyna, ruhuna taýsyz şypalarynyň bardygyny doly derejede açyp görkezýär.

Biz hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplaryny diýseň gowy görüp okaýarys. Haýsy ulgamda zähmet çekseň-de ynsan saglygy bilen baglanyşykly eseri okanyňda, özüňde türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümliklere örän baýdygyna göz ýetirýärsiň we diýseň buýsanýarsyň. Tebigatymyzy goralyň! Onuň eçilen ajaýyp ösümliklerini, agaçlaryny bolsa köpeltmek ugrunda göreşeliň!

Hurma JUMANIÝAZOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu