Garaşsyz ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň şu günki durmuşyna we geljegine uly üns berilýär. Çagalaryň ählitaraplaýyn goraglygy we hukuklary mynasyp üpjün edilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Çagalaryň hukuklaryny goramak we ony berkitmek ugurly çäreler milli kanunçylygymyza we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kämilleşmegini gazanmak ugrundaky toplumlaýyn çäreleriň Maksatnamalaýyn, meýilnamalaýyn ýagdaýda uzak möhletli we yzygiderli alnyp barylmagy ýaş türkmenistanlylaryň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyndan habar berýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagy hem bular babatda aýdylanda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, bu ugurdaky täze möhlet üçin kabul edilen milli meýilnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak ýaly maksatlary öz binýadynda saklaýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň hem-de çagalaryň bähbitlerini nazarda tutýan beýleki ylalaşyklarynyň ýörelgelerine daýanýar we düzgünlerine esaslanýar.
Degişli çygyrdaky maksatlary we wezipeleri anyk kesgitleýän bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi geljekde hem bagtyýar çagalaryň hukuk taýdan goraglylygyny ýokary derejede üpjün etmäge öz ähmiýetli täsirlerini ýetirer. Çünki biziň ýurdumyzda nesiller döwletiň daýanjy, ertiri hem-de buýsanjy hasaplanylýar. Elbetde, şeýle resminamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bolsa bagtyýar çagalygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Watanymyzda ýaş nesil barada hemişe alada edýän döwlet Baştutanymyzyň asylly işleriniň netijesidir
Arkadagly Serdarymyz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen sözleri bolsa şeýle döwletli işleriň mundan buýana hem rowaçlanjakdygynyň güwäsidir.
Bagtyýar nesillerimiziň röwşen ykbaly hem-de olaryň ýagty geljegi ugrunda uly aladalary edýän we ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza bilim-terbiýeçilik işgärleri hökmünde egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.