Siziň üçin...

Körpeleri bakja-bagyna uýgunlaşdyrmak

Terbiýeçiniň maslahaty

18-06-2023 / 6

Bagtyýar nesilleriň aglabasynyň durmuşy çagalar baglary bilen hem berk baglydyr. Çünki körpeleriň mekdep ýaşyna çenli köp wagty çagalar edaralarynda geçýär. Bu ýerde olara diýseň joşgunly we baý mazmunly pursatlar garaşýar. Şonuň üçin hem ilkinji gezek körpeje nesil bakja-bagyna kabul edilende onuň talabalaýyk uýgunlaşdyrylmagy zerurdyr. Çünki çagalaryň öz bakja-bagyna yzygiderli höwesli gatnamaklarynyň binýady ilkinji pursatlarda mäkäm goýulsa netijelidir.

Elbetde, çagalaryň käbiri çagalar bagyna şadyýan, ruhubelent we tiz uýgunlaşmaga, köpçülige mynasyp goşulmaga ukyply bolýar. Ýöne muňa garamazdan, köplenç halatda, bakja-baglaryna gatnap başlan körpelerde birnäçe psihologik kynçylyklar hem duş gelýär. Bu ýagdaýlar çagalaryň ozalky öý şertlerinden täze şerte geçmegi, ýagny bakja-baglaryň talaplary we maşgala şertinden tapawutlylygy bilen baglydyr. Mekdebe çenli edaralaryň aýratynlygy çagalaryň deň-duşlary bilen toparda uzak wagtlap bolmagy, çagalara pedagogiki talaplara laýyk çemeleşilmegi çaga şahsyýetine fiziologiki we psihologiki taýdan öz täsirini ýetirýär.

Bu täsirlenme çaganyň sosial uýgunlaşmasy bilen  baglylykda onuň durmuşyna, ýaşaýyş şertlerine we emosional ýagdaýyna üýtgeşmeleri getirýär. Bu hadysa ýaş aýratynlyklara görä täze kabul edilen çaganyň  ukysyna, işdäsine, saglygyna-da  bada-bat täsir edýär. Şeýle-de bolsa çagalaryň uly mähir, alada bilen gurşalmagy täze şertler bilen kem-kemden öwrenişmeklerine ýol açýar. Munuň üçin terbiýeçiler her bir çaganyň şahsy aýratynlygyna we mümkinçiligine laýyk uýgunlaşdyrmagyň çärelerini pedagogikanyň we milli usulyýetiň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.

Çaganyň ilkinji kabul edilişiniň guramaçylykly we ýatdagalyjy bolmagy möhüm şertdir. Ilkinji nobatda, terbiýeçi täze çaganyň haçan geljekdigini bilip, özüne ynanylan toparda täze gelen çagany kabul etmäge hemme çagalaryň taýýar bolmagyny,  onuň bilen mylakatly gürleşilmegini, agzybirligiň saklanylmagyny, ýagny maksadalaýyk garşylanmagyny gazanmaly. Bu döwürde terbiýeçi ata-eneler bilen örän sazlaşykly we anyk häsiýetli işleşmeli. Ýagny terbiýeçileriň çaganyň öýdäki şertini, ukusyny, iýmitini, özüni alyp barşyny, oýnaýan pursatyny, ýatýan wagtyny, oýnaýan oýunjaklaryny, şahsy aýratynlygyny, endiklerini oňat öwrenmekleri zerurdyr.

Belläp geçsek, kesgitlenilen kadalara laýyklykda çaga çagalar bagyna gelen ilkinji hepdesinde her gün 3 sagat goýulýar, soňra wagty kem-kemden artdyrylýar. 2-3 hepdäniň dowamynda çaga bakja-bagyna öwrenişdirilýär. (Uýgunlaşma döwründe çaganyň öýdäki endikleri belli bir derejede saklanylyp, wagtlaýynça öňki endikleriniň çäklendirilmezligi onuň öwrenişmegine itergi berip biler).

Ilkinji günlerde çaga terbiýeçiniň ýanynda bolup, oňa täze şerte öwrenişmäge wagt bermeli. Eger-de emosional ýagdaýy kynrak bolsa, çaga 2-3 gün öýde bolmaga pursat bermeli.

Uýgunlaşmak döwrüni ýeňilleşdirmek üçin çaga hemmetaraplaýyn çemeleşilip, oňa şepagat uýasy, terbiýeçiler, pedagoglar, müdirler, ene-atalar bilelikde gatnaşmaly.

Döwletli döwrümizde mekdebe çenli çagalar edaralarynda bagtyýar nesilleriň hemmetaraplaýyn terbiýelenmegi, sowat öwredilmegi we ösdürilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler körpeleri çagalar bagyna höwesli gatnamaga ruhlandyrýar. Çagalyk dünýäsine mahsus bezegler, guramaçylykly çäreler, sapaklar, gezelençler, göwnaçmalar, baýramçylyklar, gyzyklanma, sport we tapmaça çäreleri, şadyýan dostluk we agzybirlik bu ýere gelýän körpeleriň barha kämilleşmegine we ak mekdebe aýgytly gadam basmaklarynda ýokary ähmiýetlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesilleriň röwşen geljegine ak ýollar açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlar bolsun! Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, goý, her bir maşgala ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanyp, ýurdumyz asuda, durmuşymyz owadan bolsun!

Täjigül MUHAMMETGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 160-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu