Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksada okgunly özgerişlikleriň we ýokary tizlikli ösüşleriň ýoluna düşen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyz döwrüň talabyna görä, Konstitusiýamyz hem, onuň esasynda kabul edilýän kanunlar hem barha kämilleşdirilýär.
Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady, medeni durmuş ulgamyndaky çalt depgindäki ösüşleri kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda bu barada giňişleýin durup geçmek bilen, olaryň öňünde özgertmeleriň kanuny binýadyny berkitmek boýunça anyk wezipeleri goýdy. Bu wezipeleriň bir bölegi ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy, elektron senagatyny döretmek bilen bagly işleriň ýokary depginde alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny ösüşlerdäki çalt depginler kanunçylygyň ulgamynyň hem döwür bilen aýakdaş gadam urmagyny talap edýär. Başgaça aýdanymyzda, berk kanuny binýat özgertmeleriň bellenilen möhletlerde amala aşyrylmagynyň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen, ösüşleriň täze belentliklerine tarap giň ýol açylýar.
Biz ilatyň arasynda kanun çykaryjy edaranyň olary ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleri barada düşündiriş işlerini giňden ýaýbaňlandyrdyk. Olarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýatlaryň, edaralaryň, kärhanalaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goraýan kanunlar barada hem giňişleýin düşünje berýäris. Bu bolsa ilatyň hukuk bilimleriniň ýokarlanmagyny, ýurdumyzda kanunçylygy kämilleşdirmek barada alnyp barylýan işler barada habarly bolmagyny üpjün edýär.
Sapa ROZMYRADOW,
Lebap welaýatynyň Halaç etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.